Sepleriň elýeterliligi

Moldowa: Gagauziada täze häkim saýlandy


Moldowanyň awtonom territoriýasy Gagauziada ses berijiler regionyň täze häkimini saýladylar. Bu regionda Russiýa bilen ýakyn gatnaşyklary saklamaga uly goldaw berilýär.

Gagauzianyň Merkezi saýlaw komissiýasy moldowan parlamentçi Irina Wlahyň sesleriň 51%-ni alyp, saýlawda ýeňiş gazanandygyny mälim etdi.

Gagauzianyň paýtagty Komratyň öňki häkimi Nikolaý Dudoglo sesleriň 19%-ni aldy.

Merkezi saýlaw komissiýasy Gagauziada hasaba alnan 105 müň ses berijiden 63 müň sanysynyň saýlawlara ses bermäge gatnaşandygyny habar berýär.

Wlah Russiýa bilen ýakyn gatnaşyklary saklamaga çagyryş edipdi.

Gagauzianyň ilatynyň aglabasy türki dilli hristianlardan ybarat bolup, ol ykdysady awtonomiýa eýedir. Şol bir wagtyň özünde bu sebitde moldowan polisiýasy, mekdepleri we sudlary hereket edýär.

XS
SM
MD
LG