Sepleriň elýeterliligi

Kabul: Protestçiler öldürilen zenana adalat soraýarlar


Owganystanyň paýtagty Kabulda ýüzlerçe protestçi adamlaryň köpçüligi tarapyndan Gurhan kitabynyň nusgasyny otlamakda aýyplanyp öldürilen zenan üçin adalaty sorap, ýöriş geçirdi.

Gürrüňi edilýän wakada pida bolan dini mekdebiň studenti 27 ýaşly Farhunda 19-njy martda Kabulyň belli metjidiniň öňünde adamlaryň köpçüligi tarapyndan ýenjilip öldürilipdi. Soňra onuň jesedi otlanyp, derýanyň suwuna zyňylypdy.

Owgan polisiýasy wakanyň bolan ýerinde Gurhan kitabynyň otlanandygyny görkezýän hiç hili deliliň ýokdugyny aýtdy.

Protestçiler metjidiň daşyndaky köçäni böwetläp, Farhunda hüjüm edilip başlanan ýerden tä onuň jesedi otlanan ýere çenli - derýanyň kenaryndaky ýola tarap ýöriş geçirdiler.

Owgan resmileri Farhundanyň öldürilmegi bilen ilteşikli 13 adamy tussag etdiler we wakanyň bolan wagty şol sebitde wezipe borjuny ýerine ýetirýän 13 polisiýa işgärini wezipesinden çetleşdirdiler.

Owganystanyň prezidenti Aşraf Gani Farhundanyň öldürilmegini ýazgaryp, wakanyň derňelmegi barada tabşyryk berdi.

XS
SM
MD
LG