Sepleriň elýeterliligi

HOK Hytaýda seljeriş işlerini geçirýär


Halkara Olimpiýa komitetiniň (HOK) saýlap-seçiş komissiýasy 23-nji martda Hytaýda baş gün dowam etjek seljeriş saparyna başlady. Bu waka 2022-nji ýylda geçiriljek Gyşky Olimpiýa oýunlaryny öz ýurdunda geçirmek boýunça Hytaý bilen Gazagystanyň arasyndaky bäsleşik soňky tapgyra ýeten mahaly bolýar.

Gürrüňi gidýän komissiýa Pekindäki we Hebeý welaýatynyň Zhangjiakou şäherindäki 19 desgany seljerip, transport we infrastruktura şertlerine baha bererler.

Halkara Olimpiýa komiteti Gazagystanyň Almaty şäherindäki seljerişlerini şu ýylyň fewral aýynda tamamlady we bu komitet nobatdaky Gyşky Olimpiýa oýunlarynyň geçiriljegi şäheriň adyny 31-nji iýulda köpçülige mälim eder.

Komitetiň düzgünlerine laýyklykda, Gyşky Olimpiýa oýunlarynyň geçiriljegi ýurduň hökümetleri adam hukuklaryny, zähmet hukuklaryny we daşky-gurşawy goramaga borçly edilýär.

XS
SM
MD
LG