Sepleriň elýeterliligi

Kremliň iki resmisi wezipeden boşadyldy


Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin Kremliň daşary we içeri syýasat boýunça departamentiniň ýolbaşçylaryny wezipeden boşatdy.

23-nji martda gol goýlandygy görkezilýän kararda, Putiniň prezident edarasynyň içeri syýasat boýunça departamentiniň ýolbaşçysy Oleg Morozowy we Kremliň her günki alyp barýan işlerine jogapkär edaradaky halkara hyzmatdaşlygy boýunça departamentiniň ýolbaşçysy Sergeý Bolhowitini wezipesinden boşadandygy bellenilýär.

Putin Morozowyň deregine onuň öňki orunbasary Tatýana Woronowanyň wezipä bellenendigini mälim etdi.

Bu baradaky karar, 27-nji fewralda oppozision syýasatçy Boris Nemtsowyň öldürilmeginiň yzýany, Russiýanyň häkimiýetdäki ýokary gatlagynyň arasynda bar diýilýän duşmançylykly toparlarda dartgynlylyklaryň bolandygy baradaky gep-gürrüňler artan mahaly mälim edildi.

XS
SM
MD
LG