Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lawrowa döwlet medaly gowşuryldy


Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin ýurda eden hyzmatlary üçin diýip, rus daşary işler ministri Sergeý Lawrowy abraýly döwlet medaly bilen sylaglady.

23-nji martda çap edilen kararda Putiniň Lawrowy “Ata Watana eden hyzmatlary üçin” diýen medalyň birinji derejesi bilen sylaglandygy mälim edilýär.

Putin bu karara Lawrowyň 65-nji doglan gününde, ýagny 21-nji martda gol goýdy.

2004-nji ýyldan bäri Russiýanyň daşary işler ministri wezipesini ýerine ýetirýän Lawrow indi “Ata Watana eden hyzmatlary üçin” diýen medalyň dört derejesine hem eýe boldy.

XS
SM
MD
LG