Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Android Wear” bilen ýiten telefonyňyzy tapyň


“Android Wear” bilen ýiten telefonyňyzy tapyň
“Android Wear” bilen ýiten telefonyňyzy tapyň

“Google” 2013-nji ýylda “Android Device Manager” atly programmasyny köpçülige mälim edipdi.

Android platformasynda ulanylýan tehniki enjamlar üçin peýdalanylýan bu programma Android kysymly ýiten enjamlary tapmaga mümkinçilik döredýär.

Bu programma arkaly ýiten tehniki enjamyňyza sesli bildiriş ugradyp bilersiňiz ýa-da “Google Maps-yň” üsti bilen enjamyňyzyň ýerleşýän ýerine göz aýlap bilersiňiz.

Şol bir wagtyň özünde, tehniki enjamyňyz ogurlanan bolsa, onuň içindäki faýllaryň ele salynmazlygy üçin olary enjamyň içinden pozup bilersiňiz.

Telefon sessiz görnüşde bolsa-da, ulanyjy telefona sesli bildiriş ugradyp biler.

“Android Device Manager” programmasy ýakynda “Android Wear” ulgamly akylly sagatlarda hem işläp başlar. Bu barada “Google-iň” resmi blogunda habar berilýär.

Maglumata görä, “Android Wear” bilen işleýän akylly sagatlar üçin “Android Device Manager” programmasyny şu hepdeden başlap ýükläp bolar.

XS
SM
MD
LG