Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Owganystan: 13 adam öldürildi


Owgan resmileri Wardak regionynda ýaragly adamlaryň 24-nji martda irden uly ýolda ýolagçylary oka tutup, 13 adamy öldürendigini aýdýarlar.

Bu hüjüm prezident Aşraf Ghaniniň ABŞ saparynyň dowamynda boldy we geçen ýylda Owganystandan NATO-nyň goşunlarynyň çykarylmagyndan soň zorlugyň güýçlenendigini görkezdi.

“Associated Press” agentligi Kabuldan günorta-günbatarda ýerleşýän welaýatyň ýolbaşçysynyň metbugat-wekili Attahullah Khogyanä salgylanyp, hüjümçileriň üç ulagy, şol sanda günorta tarapa barýan awtobusy oka tutandygyny habar berdi.

Khogyani ýene iki raýatyň Sayad Abad etrabynda ir sagat bir töwereginde bolan hüjümde ýaralanandygyny habar berdi.

Etrabyň aglaba bölegi “Talybanyň” gözegçiliginde saklanýar. Söweşijiler ýygy-ýygydan ýolda bomba partladýarlar we geçip barýan howpsuzlyk ulaglaryny oka tutýarlar.

Ghani Owganystanda galýan 9,8 müň harbysynyň aglaba bölegini 2016-njy ýylyň aýagyna çenli çykarmagy planlaşdyrýan ABŞ-dan ýagdaýa görä hereket etmegi sorady.

XS
SM
MD
LG