Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina orsýet gazyny almajagyny aýdýar


Gazgeçiriji sistema, Ukraina, 3-nji mart, 2015
Gazgeçiriji sistema, Ukraina, 3-nji mart, 2015

Ukrainanyň energiýa ministri ýurdunyň orsýet gazyny 1-nji aprelden başlap satyn almagy bes etmegi planlaşdyrýandygyny aýtdy.

Wolodymyr Demçyşynyň 23-nji martda Kiýewde aýtmagyna görä, Ukrainada Orsýetiň gazyna “şu pursatda” zerurlyk ýok. “Biz ýöne satyn almagy bes ederis”, diýip ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Ýurtlaryň arasynda gazyň üstündäki uzak wagtlap dowam edýän dawa 2014-nji ýylyň fewral aýynda Ukrainanyň prezidenti Wiktor Ýanukowiçiň häkimiýet başyndan çetleşdirilmeginden soň hasam ýaramazlaşdy. Ýanukowiç ÝB bilen planlaşdyrylan söwda ylalaşygyndan ýüz öwrüp, Orsýet bilen gatnaşyklary ösdürmäge ýykgyn edipdi.

ÝB Orsýetiň gyşyň dowamynda Ukraina gaz akdyrmagyny gazanmak ugrunda araçylyk edipdi, emma Kiýew we Moskwa ylalaşygyň mart aýynda möhletiniň dolmagyndan soňky döwürde gazyň nyrhy boýunça dawalaşýarlar.

Ukraina häzir orsýet gazynyň her müň kubometri üçin 329 dollar töleýär, Orsýet 1-nji aprelden başlap gazyň bahasyny 348 dollara çenli galdyrmak isleýär.

XS
SM
MD
LG