Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaý üç adamy jezalandyrdy


Hytaý adam pidaly hüjümi amala aşyrmakda aýyplanan üç adamy jezalandyrdy. Hökümet bu hüjümi amala aşyrmakda durnuksyz Ksinjang regionynyň separatistlerini aýyplady.

Kunming şäheriniň sudy Eskandar Ehetiň, Turgun Tohtunyazyň we Hasayn Muhammadyň adam öldürmeklige gatnaşandygy we terrorçylykly guramany döredendigi barada karar çykaransoň, olaryň 24-nji martda jezalandyrylandygyny aýtdy.

2014-nji ýylyň 1-nji martynda bäş hüjümçi Kunming demirýol stansiýasynyň daşynda eli pyçakly hüjüm edip, 31 adamy öldüripdi we 141 adamy ýaralapdy. Şol hüjümçileriň dördüsi atlyp öldürilipdi, bäşinjisi göwreli zenan ele salnyp ömürlik türme tussaglygyna höküm edilipdi.

XS
SM
MD
LG