Sepleriň elýeterliligi

Fransiýada uçar heläkçiligi boldy


Alp daglary

Alp daglary

150 çemesi adamly ýolagçy uçar Fransiýanyň Alp daglarynyň günortasynda heläkçilige uçrady, resmiler hiç kimiň aman galmandygyndan howatyrlanýarlar.

Polisiýa we awiasiýa resmileri Germaniýanyň Lufthansa awiakompaniýasy tarapyndan dolandyrylan A320 kysymly uçaryň Ispaniýanyň Barselona şäherinden Germaniýanyň Dusseldorf şäherine barýarka 24-nji martda heläkçilige uçrandygyny habar berdiler.

Premýer-ministr Manuel Walls häkimiýetleriň uçaryň heläkçilige uçramagynyň sebäplerini entek anyklamandygyny aýtdy. Bu waka iýul aýynda Malaziýanyň howa ýollarynyň 298 adamly uçarynyň Ukrainada ýere gaçmagyndan soňky iň agyr uçar heläkçiligidir.

Fransiýanyň “La Provence” gazeti awiasiýa resmilerine salgylanyp, uçarda 142 ýolagçynyň, iki pilotyň we dört ekipaž agzasynyň bolandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG