Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Poroşenko: Häkimleriň hususy goşuny bolmaz


Petro Poroşenko Howpsuzlyk geňeşiniň maslahatynda, Kiýew, 23-nji mart, 2015.
Petro Poroşenko Howpsuzlyk geňeşiniň maslahatynda, Kiýew, 23-nji mart, 2015.

Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko ýurduň gubernatorlarynda öz hususy goşunlaryň bolmajagyny aýtdy. Bu mesele Ukrainanyň häkimiýet başyndaky elitasynyň arasynda dartgynlylygyň güýçlenýän wagtynda gozgaldy.

“Territorial goranyş gönüden-göni kesgitlenen harby ýolbaşçylyk esasynda üpjün ediler we hiç bir ýolbaşçynyň öz hususy goşuny bolmaz”, diýip Poroşenko 23-nji martda harby ýolbaşçylary bilen duşuşygynda aýtdy.

Poroşenko bu çykyşyny ýaragly adamlaryň döwlet eýeçiligindäki Ukrnafta kompaniýasynyň Kiýewdäki edarasyny eýelemeginden bir gün soň etdi.

Ukrainaly kanun çykaryjy Serhiy Leşçenko Ukrnaftanyň edarasyny ele salan adamlaryň gündogar Dnipropetrowsk regionynyň ýolbaşçysy milliarder oligarh Ihor Kolomoýski bilen baglydygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG