Sepleriň elýeterliligi

Poroşenko: Häkimleriň şahsy armiýasy bolmaz


Ihor Kolomoýskiý.

Ihor Kolomoýskiý.

Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko ýurduň häkimleriniň öz şahsy armiýasynyň bolmajagyny aýtdy. Ukrain prezidentiniň beren bu wadasy Ukrainanyň häkimiýetdäki ýokary gatlagynyň arasynda dartgynlylyklaryň artan mahalyna gabat geldi.

“Territorial goranyş barada aýdylanda, hiç bir häkimiň özüniň şahsy ýaragly güýçleri bolmaz we ähli harbylar gönümel merkezden dolandyrylar” diýip, Poroşenko 23-nji martda harby komandirler bilen geçiren ýygnagynda belledi.

Poroşenko bu barada ýaragly adamlar döwletiň eýeçiligindäki “Ukrnafta” energiýa kärhanasynyň Kiýewdäki baş binasyny ele salandan bir gün soň mälim etdi.

"Oligarh bilen ilteşikli"

22-nji martda ukrain kanunçykaryjysy Serhiý Leşçenko “Ukrnafta” kompaniýasynyň binasyny ele salan ýaragly adamlaryň milliarder oligarh Ihor Kolomoýskiý bilen ilteşiginiň bardygyny aýtdy. Kolomoýskiý gündogar UkrainanadakyDnepropetrowsk regionynyň häkimidir.

Şeýle-de 22-nji martda ukrain kanunçykaryjysy Mustafa Naýýem “Ukrnafta” kompaniýasynyň binasynyň eýelenmeginiň sebäbi barada maglumat almak üçin, özüniň gürrüňi gidýän binanyň içine girmäge synanyşan mahaly, ýaragly adamlaryň öz üstüne hüjüm edendigini we urup-ýenjendigini aýtdy.

Azatlyk Radiosynyň Ukrain gullugynyň berýän maglumatyna görä, Kolomoýskiý şol gün “Ukranafta” kompaniýasynyň edarasyna barypdyr.

Täze kanun

Kolomoýskiniň “PrivatGroup” kompaniýasynyň “Ukranafta” firmasynda 43% paýa eýedigine garamazdan, ukrain hökümeti gürrüňi gidýän energiýa kärhanasyna kontrollyk edýär.

Şu aý Ukrain parlamenti döwlet edara-kärhanalary barada kanun kabul etdi. Bu kanun “PrivatGroup” kompaniýasynyň “Ukranafta” kärhanasynyň ýokary gözegçilik geňeşindäki ozalky weto goýmak, ýagny böwetlemek hukugyny aradan aýyrýar.

19-njy martda döwletiň eýeçiligindäki “Ukrtransnafta” nebit-transport kompaniýasynyň ýokary gözegçilik geňeşi Oleksandr Lazorkony öz ýolbaşyçysy edip belländen soň, Kolomoýskiý gürrüňi gidýän kärhana bardy. Lazorko Kolomoýskiýniň egindeşidir.

“Ukrtransnafta” kompaniýasynda 42% paý eýesi Kolomoýskiý gürrüňi gidýän ýerde žurnalistleri görende, mundan nägile bolup, Azatlyk Radiosynyň habarçylaryna, paýyş sögüp, dil ýetirdi.

Bu aralykda Ukrainanyň Howpsuzlyk gullugynyň başlygy Kolomoýskiniň Dnepropetrowsk regionyndaky iki orunbasaryny adalata bökdençlik döretmekde we jenaýatçylykly topary maliýeleşdirmekde aýyplady.

Jenaýatçylykly toparlar

Walentin Nalywaýçenkonyň 23-nji martda habarçylara beren maglumatyna görä, häkimiň orunbasarlary Hennadiý Korban we Swýatoslaw Olinik Dnepropetroskdaky guramaçylykly jenaýat işleri dogrusynda geçirilýän derňewleri togtatmak maksady bilen, ýaragly toparlar arkaly Ukrainanyň Howpsuzlyk gullugynyň derňewçilerine haýbat atypdyrlar.

Şeýle-de, Nalywaýçenko “Ukrnafta” kärhanasynyň Kiýewdäki baş binasyny ele salan ýaragly toparyň Dnepropetrowskdaky jenaýatçylykly toparlar bilen ilteşiginiň bardygyny sözüniň üstüne goşdy.

Şol bir wagtyň özünde Hennadiý Korban özüne garşy aýyplamalary ret edip, eger Nalywaýçenko öňe sürülýän bu aýyplamalary tassyklaýan delilleri görkezmese, onda ukrain parlamentiniň derňew komissiýasynyň oy wezipeden çekilmäge çagyrmalydygyny aýtdy.

23-nji martda Ukrainanyň içeri işler ministri Arsen Awakow ýurduň hususy howpsuzlyk firmalaryny öz ýaraglaryny 24 sagadyň içinde tabşyrmaga we öz adamlaryny köçelerden yza çekmäge çagyrdy.

XS
SM
MD
LG