Sepleriň elýeterliligi

Şwesiýa: IX asyra degişli mazardan tapylan ýüzükde Allanyň ady bar


Wikingler

Wikingler

Wikingleriň gadymy ýurdy hasaplanýan Birkada görkezilen bir ýüzük bu gadymy söwda merkeziniň adyny dünýä metbugatynyň üns merkezine öwürdi. 9-njy asyra degişlidigi çak edilýän bütewi daşdan gaşly ýüzük kümüşden ýasalypdyr. Gaşyň üstünde 8-nji we 10-njy asyra degişli Kufi arap elipbiýi bilen "Ýa Alla" diýen söz ýazylypdyr.

Indi alymlary, taryhçylary, arheologlary bir sowal gyzyklandyrýar. Gaşynda "Ýa Alla" diýip ýazylan bu ýüzük bir wiking zenanyň eline nädip düşüpdir?

Ýüzügiň suratyny şu ýerden gör

Ýüzük takmynan 800-nji ýyllarda wikingleriň söwda eden Birka diýen ýerinde geçirilen arheologik gazuw işleriniň barşynda tapylypdyr. Özboluşlylygy bilen tapawutlanýan bu ýüzük skandinaw geýminde jaýlanan bir zenanyň mazaryndan çykypdyr...

"Wikingler bilen Abbasy halyflygynyň arasyndaky gatnaşyk..."

Bu habaryň ýaýran ilkinji pursatynda iň köp öňe sürlen çaklama ýüzügi Şwesiýa gadym döwrüň söwdagärleri getirendir diýen çaklama bolupdyr. Emma Stokgolm uniwersitetiniň biofizikçi alymy Sebastian Wärmländer we onuň kärdeşi şeýle çaklamany puja çykarypdyrlar. Olar ýüzügi ylmy barlagdan geçiripdirler. Şeýlelikde ýüzügiň gaşynyň reňkli çüýşedendigi äşgär bolupdyr. Şeýle gaşlar bir wagtlar wikinglerde, ondan owalam Merkezi Aziýada we Günorta Afrikada hem bolupdyr.

Stokgolm uniwersitetiniň alymlarynyň aýtmagyna görä, bu ýüzük Ýakyn Gündogarda we demirgazyk Afrikada esasy rol oýnan Abbasy halyflygy bilen wikingleriň arasynda özara gatnaşygyň bolandygyny görkezýär. Olar "Zenanyň özüniň ýa-da onuň tanyşlaryndan biriniň halyflyga ýa-da oňa golaý sebitlere sapar baryp gelmegi mümkin däl" diýýärler.

"Wikingler kümüş bilen gyzyklanypdyrlar"

”Washington Post” gazetiniň ýazmagyna görä, fizikleriň öňe süren garaýşy nädogry bolup biler. Ýöne gadymy döwürlerde skandinawiýalylar musulman ýurtlar bilen aragatnaşykda bolupdyrlar. 11-nji asyra çenli wikingler günbatar we günorta Amerikadan başlap Konstantinopola (Stambula), ol ýerdenem Bagdada çenli barypdyrlar.

2008-nji ýylda taryhçy Farhat Hüseýn Abu Dabidäki "Millet" gazetine beren interwýusynda, wikingleriň gyzyl bilen däl, eýsem kümüş bilen aýratyn gyzyklanandyklaryny belläp: "Bu wikinglerde erkek adam bilen zenanyň mertebesini görkezýän nyşana bolupdyr. Olar hatda özlerini kümüş bilen jaýlatmak isläpdirler" diýip ýazýar.

"Ýüzügiň syryny öwrenmek üçin gadymýete syýahat etmek islärdim"

Şeýle sözleri aýdan Döwlet taryh muzeýiniň mugallymasy Linda Wählender, ýüzügiň syryny öwrenmek üçin arheolog bolman, geljege we geçmişe syýahat etmegi arzuwlap: "Meniň özüm arheolog. Emma bu gaş bilen taryha syýahat etmek islärdim. Bu ýüzük satyn alnandyr ýa-da olja hökmünde getirilendir diýip bolmaz. Ýöne bu ýüzügiň taryhyny, onuň [Birkadaky] zenanyň eline nähili düşendigini bilmek diýseň gyzykly bolardy. Ol öz öýünden gaty uzaga gitdimikä ýa-da uzakdan kimdir biri oňa [bu sowgady] getirip berdimikä?".

Zenanyň bu ýüzügi nireden we nähili alandygy, belki-de, hiç haçan mälim bolmaz. Ýöne taryhçylar we arheologlar bu ýüzügiň [taryhynyň] anyklanmagyna aýratyn ähmiýet berýärler. Diňe bir ýüzügiň taryhyny bilmek däl, eýsem bu ýüzügiň bir wiking aýalyna nähili sowgat berlendigi olarda çäksiz gyzyklanma döredýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG