Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Hindistan: Diwara dyrmaşýan ene-atalar


Hindistanda okuwçylaryň hossarlary diwarlara dyrmaşýarlar.

Hindistanda okuwçylaryň hossarlary diwarlara dyrmaşýarlar.

Mekdep ekzamenlerinde galplyk etmek Hindistanda öňden gelýän problema.

Ýöne welin, “Washington Post” gazetiniň ýazmagyna görä, ýurduň gündogarynda ýerleşýän Bihar ştatynda ekzamen mahaly täzelikde ýüze çykan bir hadysa hemmeleri diýseň haýran galdyrypdyr. 10-njy klas okuwçylarynyň hossarlary we ene-atalary 4 gatly mekdep jaýynyň diwarlaryna dyrmaşyp, penjirelerden öz çagalaryna göçürer ýaly şpargalkalary, ýagny jogap ýazylan kagyzlary gowşurypdyrlar.

Agzalýan mekdebiň okuwçylarynyň hossarlary 19-njy martda, balkony ýa-da ýapyşar ýaly ýeri bolmadyk mekdep binasynyň tekiz diwaryna edil dünýä belli kinofilmiň gahrymany "möý adam" ýaly dyrmaşypdyrlar. Polisiň bolsa ýüze çykan bu ýagdaýy bir çetde durup synlamakdan başga alajy bolmandyr.

Temmi hem netije bermändir

Ekzamen alýan synagçy mugallymlaryň öz soraglarynyň jogabyny şpargalkadan göçüren okuwçylara temmi bermegi hem netije bermändir. Okuwçylaryň käbiri öz ýazmaly jogaplaryny gizlinlikde öňden taýynlanan konspektden hem göçüripdirler.

Mekdeplerde ekzamen geçirilýän mahaly jogaplary şpargalkalardan göçürmeklik Hindistanda giň ýaýran endik. Ýöne welin, ylaýta-da okuwçylaryň hossarlarynyň, öz janlaryna howp salyp, mekdebiň tep-tekiz diwaryna dyrmaşmagy öň görlen zat däl, bu waka gaty köp hindistanlylary diýseň geň galdyrdy.

Ekzamende jogaplary göçürmek kanun taýdan gadagan

Bihar ştatynda ekzamende jogaplary taýyn ýazgydan göçürmek kanun taýdan gadagan. Geçen aý şeýle günä bilen aýyplanan 12-nji klas okuwçylarynyň birnäçesi we olaryň hossarlary azatlykdan mahrum edilipdirler.

Hindistanda 10-njy we 12-nji klaslarda ekzamenleri tabşyryp bilmeýän gaty köp okuwçy mekdepden daşlaşdyrylypdyr. Magaryf hünärmenleriniň nygtamagyna görä, mugallymlaryň barmaly wagty işe barmazlygy, mekdep üpjünçiliginiň pesligi ýaly, ekzamenlerde jogaplaryň göçürilmegi hem Hindistanyň magaryf ulgamynyň iň wawwaly ýerleriniň biridir.

Pratham magaryf fondunyň golaýda aýan eden hasabatyna görä, 5-nji klas okuwçylarynyň diňe 48%-i 2-nji klasyň derejesindäki okuw kitaplary okap bilýär.

"Siz aýdyň, hökümet näme edip biler?"

Bihar ştatynyň bilim ministri P.K.Sahi 19-njy martda metbugat işgärlerine "Gaty köp ýerde, ylaýta-da şäherlerde ekzamenlerde jogaplaryň göçürilýändigi babatda arz-şikaýatlar bar. Bu hökümetiň jogapkärçiligimi? Jemgyýetden goldaw bolmasa, hökümetiň bu problemanyň hötdesinden gelip bilmegi mümkinmi? Okuwçylaryň ene-atalary we hossarlary hyzmatdaşlyga taýýar däl bolsa, onda hany siz aýdyň, hökümet ekzamenlerde göçürmekligiň öňüni almak üçin näme edip biler?" diýipdir.

"Jogaplary göçüren 500 okuwçy ekzamenden çetleşdirildi" diýip, ýerli metbugat ýazýar.

XS
SM
MD
LG