Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Internet ahlaga täsir ýetirýärmi?


“Pew” barlag merkeziniň logotipi.

“Pew” barlag merkeziniň logotipi.

Internet bilime pozitiw, ahlaga negatiw täsir edýär diýip, “Pew” barlag merkeziniň täze raportynda bellenilýär. Bu merkeziň täze hasabatynda ösüp barýan 32 ýurtda tehnologiýanyň ulanylyşyna syn edilýär.

Ýakynda ýaýradylan bu raportda beýleki meseleler bilen bir hatarda, ýurtdaky internet we mobil telefon işjeňliligine, şeýle-de internediň jemgyýete ýetirýän täsirleri barada halkyň garaýyşlaryna baha berilýär. 2014-nji ýylyň mart aýynyň 17-si bilen iýun aýynyň 5-i aralygynda geçirilen derňewler 32 ýurtdan jemi 36 619 adam bilen geçirilen interwýu esasynda taýýarlandy.

Siz gürrüňi gidýän hasabatyň orta çykaran netijeleri barada näme pikirde? Ýagny, internet bilime pozitiw, ahlaga negatiw täsir edýärmi?

Öňümizdäki Täze Tolkun ýaşlar gepleşigimizde şu tema boýunça söhbetdeşlik geçirmekçi. Öz pikir-garaýyşlaryňyzy teswir bölüminde galdyryp bilersiňiz. Söhbetdeşligime gatnaşmak üçin metbugat@gmail.com email adresimizden peýdalanyp bilersiňiz.

XS
SM
MD
LG