Sepleriň elýeterliligi

Gozgalaň turmak ähtimallygy 'ýokarlanýar'


Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşini geçirýär. 2-nji aprel, 2014.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşini geçirýär. 2-nji aprel, 2014.

“Türkmenistan, ozalky sowet respublikalarynyň köpüsi ýaly, milli pulunyň hümmetini düýpli peseltdi we barha ýokarlanýan ykdysady basyşlar bilen ýüzbe-ýüz bolýar” diýip, "Stratfor Global intelligence" neşiri ýazýar.

Dünýä guramalaryny we şahslaryny strategigi analizler we çaklamalar bilen üpjün edýän geosyýasy aňtaw firmasynyň 24-nji martda çap eden synynda bu basyşlaryň ýurtda gozgalaň turmak ähtimallygyny ýokarlandyrandygy aýdylýar.

Şeýle-de syn, Merkezi Aziýadaky goňşulary bilen deňeşdirilende, bu ýurtda protest bildirmegiň beýle bir mahsus däldigini we türkmen hökümetiniň ýykyljyga meňzmeýändigini belleýär.

Ýöne muňa garamazdan, syn 2015-nji ýylda regionyň iň berk hökümetleriniň biri bolan Türkmenistanyň öňünde-de görülmedik ykdysady we howpsuzlyk synaglarynyň durandygyny duýdurýar.

Stratforuň çaklamasyna görä, içerki ýagdaýyň kynlaşmagy Aşgabady öz daşary syýasatynda has seresap eder, Orsýetiň içerki işlerine goşulyşmak alamatlary ony hüşgär saklar we bu ýagdaý Türkmenistanyň TransHazar geçirijisi ýaly günbatar ugurly proýektlere goşulmak islegine päsgeliçilik döreder.

Goňşularyndan tapawudy

Synyň analizler bölüminde Türkmenistanyň köplenç öz Merkezi Aziýadaky goňşularyndan çekeräk durandygy, Gazagystan, Gyrgyzystan we Täjigistan ýaly, Orsýet bilen starategiki baglanyşyga girmändigi we resmi taýdan bitaraplyk syýasatyny ýöredendigi aýdylýar.

Türkmenistan Sowet Soýuzy dargaly bäri sebitde bolan zorlukly wakalardan, Gyrgyzystanda, Täjigistanda, Özbegistanda we Gazagystanda bolan rewolýusiýalardan, uruşlardan, protestlerden aman galdy diýip, synda bellenilýär.

Şeýle-de synda Türkmenistanyň 1990-njy ýyllaryň ahyrynda we 2000-nji ýyllaryň başynda Fergana jülgesinde aktiw bolan, 2011-nji ýylda Gazagystanda baş galdyran yslamçy ekstermistleriň hüjümlerine uçramandygy aýdylýar.

Türkmenistanyň özboluşlygyny düzýän esasy faktorlar hökmünde bu ýurduň Merkezi Aziýada uly gaz öndüriji bolup durýandygy, Özbegistan we Gazagystan bilen deňeşdirilende ilat sanynyň has azdygy aýdylýar.

Netijede, bu ýagdaý türkmen hökümetine öz resurslaryny ýokary gatlagyň az sanly wekillerine gönükdirmek bilen, uly ygtyýar berlen howpsuzlyk gulluklaryna daýanýan berk merkezleşdirilen syýasy sistema guramaga mümkinçilik berdi.

Mundan başga, ýurduň esasy bölegini çöllük tutýar we ilat esasan iki derýanyň boýunda jemlenen, bu ýagdaý hem häkimiýetlere ilaty, goňşy ýurtlardaka garanda, has berk gözegçilikde saklamaga şert döredýär diýip, synda aýdylýar.

Bu faktorlaryň ählisiniň Türkmenistany adatdan daşary ýapyk ýurda öwürmäge, çynlakaý oppozisiýa partiýalarynyň bolmazlygyna, metbugat we daşary ýurt täsirini berk kontrollukda saklamaga kömek edendigi aýdylýar.

Emma...

Ýöne bulara garamazdan, synda Türkmenistanyň regional tendensiýalardan we ýagdaýlardan üzňe galyp bilmeýändigi, onuň energiýa bahalarynyň aşak gaçmagy, Orsýete garşy girizilen sanksiýalaryň täsiri netijesinde ykdysady basyşlara sezewar bolýandygy, netijede öz manadynyň hümmetini ýanwaryň başyndan düýpli aşakladandygy bellenilýär.

Synyň soňunda resmi Aşgabadyň ýurduň ýüzbe-ýüz bolýan ykdysady synaglaryna resmi taýdan o diýen ähmiýet bermeýändigi bellenilip, soňky aýlarda bu optimizmi sorag astyna salýan alamatlaryň görnendigi aýdylýar.

Stratfor 1996-njy ýylda Austinde, Tehsasda döredilen we global aňtaw maglumatlaryny, strategiki prognozlary çap edýän neşirdir.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG