Sepleriň elýeterliligi

Uçar heläkçiliginde üç gazak raýaty öldi


Fransiýanyň Alp daglarynda Germaniýanyň ýolagçy uçarynyň heläkçilige uçramagy netijesinde ölen 150 adamyň arasynda azyndan üç gazak raýatynyň we Gazagystanda doglan tanymal opera aýdymçysynyň hem bardygy habar berilýär.

“Germanwings” howaýollary kompaniýasynyň “A320” belgili uçary Nissa şäheriniň 100 kilometr demirgazygynda heläkçilige uçran mahaly, Ispaniýanyň Barselona şäherinden Dýusseldorfa tarap sapar edýärdi. Uçar heläkçiliginiň netijesinde ýolagçylaryň we ekipaž aglarynyň ählisi heläk boldy.

25-nji martda Gazagystanyň Daşary işler ministrligi wakada ölenleriň arasynda üç gazak raýatynyň ýagny, 50 ýaşly Erbol Imankulowyň, 49 ýaşly Aýžan Esengaliýewanyň we 25 ýaşly Adil Imankulowyň bardygyny mälim etdi.

Barselonanyň “Liceu” opera öýi uçar heläkçiliginde Gazagystanda ukrain maşgalasynda doglan Oleg Bryjakyň hem bardygyny belledi.

XS
SM
MD
LG