Sepleriň elýeterliligi

Pakistan: Hüjümde 30 söweşiji öldi


Pakistanyň aňtaw gullugynyň resmileri Haýber regionynyň demirgazyk-günbataryndaky Tirah jülgesinde amala aşyrylan howa zarbalarynda “Laşkar-e-Yslam” atly toparyň 30 çemesi söweşijisiniň öldürilendigini aýdýarlar.

Pakistanyň Aňtaw gullugynyň ýaýradan beýanatynda howa hüjümleriniň 25-nji martda ir bilen amala aşyrylandygy mälim edilýär.

Pakistanyň “Dawn” atly metbugat serişdesiniň çeşmelere salgylanyp berýän maglumatynda öldürilenleriň arasynda “Laşkar-e-Yslam” toparynyň metbugat sözçüsi Salahuddin Aýubiniň hem bardygyny belleýär.

Pakistanyň harby we howpsuzlyk güýçleri ýurduň Owganystan bilen serhediniň golaýynda ýerleşýän tire-taýpalar regionyna edilýän giň gerimli hüjümleriň bir bölegi hökmünde, birnäçe gün bäri Tirah jülgesindäki söweşiji pozisiýalaryny nyşana alýarlar.

“Reuters” habar gullugynyň aňtaw gullugyndaky çeşmelere salgylanyp berýän maglumatyna görä, hüjümde söweşiji diýlip güman edilýän ençeme adam we paksitanly ýedi esger öldürildi.

XS
SM
MD
LG