Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Uçar heläkçiligi: Fransiýa gara guty tapyldy diýýär


Fransiýanyň resmileri uçar heläkçiliginiň bolan ýerinde derňewleri geçirýärler.
Fransiýanyň resmileri uçar heläkçiliginiň bolan ýerinde derňewleri geçirýärler.

Fransiýanyň içeri işler ministri Bernard Kazenew (Bernard Cazeneuve) Alp daglarynda heläkçilige uçran “Germanwings” howaýollaryna degişli uçaryň galyndylarynyň arasynda tapylan gara gutynyň uçardaky pilotlaryň soňky ses ýazgylaryny saklaýan enjamdygyny habar berýär.

Kazenew helakçilikde gara gutunyň zaýalanandygyny, emma ony 24-nji martda “A320” kysymly uçaryň heläkçilige uçramagyna nämäniň sebäp bolandygy barada maglumat almak üçin heniz hem “ulanyp boljakdygyny” aýtdy. Fransiýanyň Alp daglarynda bolan bu uçar heläkçiliginde uçardaky ýolagçylaryň we ekipaž agzalarynyň ählisi, jemi 150 adam heläk boldy.

Şeýle-de, Kazenew barlaglaryň dowamynda derňewçileriň ähli zady göz öňünde tutýandygyny, emma terrorizm bilen ilteşikli şübhelenmek üçin hiç hili esasyň ýokdugyny belledi.

XS
SM
MD
LG