Sepleriň elýeterliligi

Aşgabat: Abatmy ýa bibat?


Aşgabatda “pristroýkalar” ýykylýar. Mart, 2015 ý.

Aşgabatda “pristroýkalar” ýykylýar. Mart, 2015 ý.

Şu ýylyň başyndan bäri Aşgabadyň ähli raýonlarynda diýen ýaly şäheri abadanlaşdyrmak işleri gyzgalaňly alnyp barylýar.

Bu alnyp barylýan işler belli bir derejede öz oňyn netijelerini hem berýär. Ýyllar boýy remont edilmedik ýaşaýyş jaýlarynyň diwarlary oňarylýar. Olaryň käbirleriniň diwarlary mermere çalymdaş material bilen örtülýän bolsa, beýlekilerine reňk çalynýar. Olaryň daş-töwerekleri hem eýýäm ençeme ýyllap ellenmedik zir-zibilden, zyňlan awtoulaglardan, tekerlerden arassalanýar.

Abatlaýyş işleri, esasan, jaýlaryň daş keşbi bilen çäklenýär.

Abatlaýyş işleri, esasan, jaýlaryň daş keşbi bilen çäklenýär.

Emma bu işler, esasan, jaýlaryň daş keşbi bilen çäklenýär. Gurlanyna 20 ýyldanam köp geçen jaýlaryň käbir içki ýetmezçilikleri şol durşuna galýar. Bu jaýlaryň kanalizasiýa turbalarynyň könedigine, olaryň üçekleriniň, girelgeleriniň hapadygyna häkimiýetler köplenç asla üns bermeýärler. Köpgatly ýaşaýyş jaýlarynyň köpüsinde entegem köne liftler ulanylýar.

Şol bir wagtda hem paýtagtyň haýsy-da bolsa bir raýonyndaky ýaşaýyş jaýyndan çanak antennalaryň ýa-da split-sistemalaryň köpçülikleýin aýrylýandygy baradaky gürrüňler hem her gün diýen ýaly peýda bolýar. Häzir öňki “Bahar” kinoteatrynyň töwerekleri, Atabaýew köçesiniň ugrundaky, 11-nji mikroraýondaky ýaşaýyş jaýlarynyň diwarlary reňklenip, split-sistemalarydyr, çanak antennalary aýrylýar.

Aşgabatda çanak antennalary aýrylýar.

Aşgabatda çanak antennalary aýrylýar.

Özi-de, öňküler ýaly diňe bir protokol köçelerdäkiler däl, eýse şol köçelere dahyly bolmadyk ýerlerdäki ýaşaýyş jaýlaryň diwarlaryndan hem split-sistemalarydyr, çanak antennalary aýrylýar. Olar ýaşaýyş jaýynyň ähli diwaralaryndan aýyrylýar. Köçä bakyp duran diwar bolsun, ýa-da beýleki diwar bolsun, tapawudy ýok, diwarlar olardan “arassalanýar”.

Mundan başga-da, ýaşaýyş jaýlarynyň birinji gatlaryndaky “pristroýkalar” diýip atlandyrylýan goşmaça gurlan otaglar hem ýumrulýar. Bu işleriň nähili dokumentler esasynda durmuşa geçirilýändigi baradaky sowala bolsa köplenç hiç hili takyk maglumat alyp bolmaýar.

Häkimiýet wekilleri “ýokardan gelen buýruk” ýa-da “wise-premýeriň buýrugy” diýip, jogap berýärler. Emma şol ýokary wezipeli adamyň ýa-da wise-premýeriň ady aýdylmaýar. Ýaşaýjylaryň tomsuň yssysynda split-sistemasyz nädip oňmalydygy aýdylmasa-da, split-sistemalary jaýlaryň umumy girelgeleriniň içinde goýmaga rugsat berlendigi hakda käbir maglumatlar bar.

Jaýlaryň daşy ak reňke boýalýar.

Jaýlaryň daşy ak reňke boýalýar.

Özüni Sapar diýip tanadan we Parahat-2/1 mikroraýonynyň 24-nji ýaşaýyş jaýynda ýaşaýan ildeşimiziň aýtmagyna görä, onuň ýaşaýan jaýynyň diwarlarynda “hiç hili zadyň” bolmaly däldigi barada ýerli resmi tarapyndan görkezme berlipdir. “Split-sistemalar, çanak antennalar, ýüpler, kozyrýoklar.... hiç haýsysy bolmaly däl. Diňe göni diwar bolmaly. Bu diňe meniň ýaşaýan jaýymda däl, eýsem paýtagtdaky ähli köpgatly ýaşaýyş jaýlarynda [şeýle] bolmaly” diýip, Sapar häkimiýet wekiliniň aýdanyny gürrüň berýär.

Ýeri gelende belläp geçsek, paýtagtda alnyp barylýan bu işler geçen hepdäniň anna güni bolan hökümet maslahatynda prezident G.Berdimuhamedowyň “jaýlaryň we desgalaryň daşky bezegini döretmegiň, ýaşaýyş toplumlaryndaky jaýlaryň daşky bezeginiňsazlaşygyna päsgel berýän ähli desgalaryň sökülip aýrylmalydygy” baradaky tabşyrygyna gabat geldi.

Ýykylan “pristroýkalar”

Ýykylan “pristroýkalar”

Anna güni geçen Ministrler kabinetiniň mejlisinde wise-premýerleriň beren hasabatlaryndan çen tutsaň, häzirki güne çenli paýtagtda ýaşaýyş jaýlarynyň 2269-syndan 352-siniň durkuny täzelemek işleri tamamlanypdyr.

Mundan başga-da, şol mejlisde Türkmenistanyň jemagat hojalygy ministri K.Gurbanow Aşgabat şäheriniň etraplarynda 2015-2016-njy ýyllar üçin iş meýilnamasy boýunça iki ýylyň dowamynda Aşgabat şäheri boýunça Jemagat hojalygy ministrliginiň hasabynda duran ýaşaýyş jaýlarynyň 3639-synyň, şu ýylyň dowamynda bolsa 2073-siniň durkuny täzelemegiň we abatlamagyň planlaşdyrylýandygyny habar berdi.

Häzirki alnyp barylýan işler, resmi taýdan onuň bilen baglanyşdyrylmasa-da, 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek ”Aziýa oýunlaryna” görülýän taýýarlyklar bilen gabat gelýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG