Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin Sahaliniň häkimini işden boşatdy


Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin ýurduň gündogaryndaky Sahalin regionynyň häkimini wezipesinden boşatdy.

Bu karar Sahalin regionyna uzak wagtdan bäri häkimlik edýän Aleksandr Horoşawin para almakda güman edilip, elleri gandally Moskwa getirilenden üç hepde soň, ýagny 25-nji martda mälim edildi. Putin Horoşawiniň “ynamdan gaçandygy” sebäpli wezipesinden boşadylýandygy baradaky karara gol goýdy.

55 ýaşly Horoşawin 2007-nji ýyldan bäri ýurduň çetindäki Sahalin regionyna häkimlik edýärdi. Ol şu aýyň başynda Sahalindäki “Energostroý” kompaniýasyndan 5,6 million amerikan dollary möçberinde para almakda aýyplandy.

Häzirki wagt Horoşawin deslapky tussaghanada saklanylýar. Ol günäli tapylsa, 15 ýyl türme tussaglygyna çenli höküm edilip bilner.

XS
SM
MD
LG