Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kazenew: Gara guta zyýan ýetipdir


Bernard Kazenew (Cazeneuve)
Bernard Kazenew (Cazeneuve)

Fransiýanyň içeri işler ministri Bernard Kazenew (Cazeneuve) 25-nji martda Alp daglarynda ýykylan “Germanwings" ýolagçy uçarynyň galyndylarynyň arasyndan pilotlaryň eden gürrüňlerini ýazgy eden gara gutynyň tapylandygyny aýtdy.

Kazenew bu guta zyýan ýetendigini, emma ony şindem "A320 Airbus" uçarynyň näme sebäpden ýykylandygyny anyklamak üçin ulanyp boljakdygyny aýtdy. 24-nji martda ýykylan uçaryň üstünde 150 adam bar eken we olaryň hemmesiniň ölendigi aýdylýar.

Ministr derňewçileriň hiç bir ähtimallygy aradan aýyrmaýandygyny, ýöne bu ýerde terrorizm gümanyna esas ýokdugyny aýtdy.

"Biz derňew netijelerini ele alýançak ähli teoriýa barlanar" diýip, Kazenew aýtdy.

Ministr derňewiň şu gün başlanmalydygyny aýtdy.

«Germanwings» howa ýollaryny işledýän Lufthansa munuň betbagtçylykly hadysa bolandygyny çaklaýandygyny aýtdy.

«Germanwings» uçaryň kreýser belentligine ýetenden bir minut soň aşaklap başlandygyny we sekiz minut dowamynda aşaklamagyny dowam edendigini aýtdy. Munuň sebäbi aýdyň däl.

Halas ediş toparlary uçaryň ýykylan ýerindäki işlerini dikeltdiler. Uçaryň galyndylarynyň giň ýaýrawa pytrandygy aýdylýar.

«Lufthansanyň» ýerine ýetiriji direktory Karsten Spohr hadysanyň bolan ýeriniň wideoýazgysy çym-pytrak bolan galyndylaryň kiçijik böleklerini görkezmek bilen, uçaryň nähili güýç bilen ýere gelip urandygyny çaklamaga mümkinçilik berýär diýdi.

"Germanwings Airbus A320" uçarynyň galyndylary
"Germanwings Airbus A320" uçarynyň galyndylary

Fransuz polisiýasy hadysanyň bolan ýeriniň deňiz derejesinden 2000 metr çemesi ýokarda bolandygyny we hiç kimiň aman galmandygyny, pidalaryň jesetlerini tapmagyň bolsa, ol ýerdäki kyn şertler, gar we indi boljak gaý-tupanlar zerarly ençeme gün aljagyny aýtdy.

Wakanyň bolan ýerine baryp gören bir derňewçi «biziň anyklap bilen beden böleklerimiziň iň ululary el sumkasyndan uly däldi» diýdi.

German kanseleri Angela Merkel, fransuz prezidenti Fransua Olland we ispan premýer-ministri Mariano Rajoy dagy 25-nji martda uçaryň ýykylan ýerine zyýarat edýär.

Ispaniýa 25-nji martda günortan bir minutlyk dymyşlyk gurnap, üç günlük ýas yglan etdi.

«Germanwings» uçaryň üstünde 67 germaniýaly bolandyr öýdýär. Ispaniýanyň premýer-ministriniň orunbasary 45 ýolagçynyň adynyň ispan ady bolandygyny aýtdy.

Pidalaryň arasynda Germaniýanyň demirgazyk-günbataryndaky Haltern am Si şäheriniň ýokary mekdebiniň 16 okuwçysy we iki mugallymy hem bar.

Olar Barselonanyň golaýynda bir mekdepde bir hepdeläp alyş-çalyş programmasynda bolup, öýlerine gaýdyp barýardy. 12 sany ispan okuwçysy hem dekabrda olaryň mekdebinde bolupdy.

Okuwçylar 24-nji martda bolan hadysadan soň okuwdan boşadyldy, emma olar öýlän yzlaryna, mekdebe ýas tutmaga geldiler we gözýaşa boglup, wepat bolan ýoldaşlarynyň we mugallymlarynyň hatyrasyna şem ýakdylar.

Barselonanyň Liceu opera öýi twitterde Gazagystanda doglan Oleg Bryjak bilen german Maria Radneriň Dýusseldorfdan, teatrda çykyş edip, yzlaryna gelýärkäler wepat bolandyklaryny aýtdy.

Gazagystanyň Daşar işler ministrligi 25-nji martdaky uçar heläkçiliginde ölenleriň arasynda 50, 49, 25 ýaşlaryndaky üç gazak raýatynyň hem bolandygyny aýtdy.

Iňlisçeden terjime eden Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG