Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Stipendiýaly okuwa arzalar kabul edilýär


Studentler.
Studentler.

Düýbi Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda ýerleşýän “Central Asia fellowship”, ýagny "Merkezi Aziýa arkadaşlygy" programmasy 2015-nji ýylyň güýzki möwsümi üçin Türkmenistandan we Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlaryndan arzalary 1-nji aprele çenli kabul edýär diýlip, bu programmanyň websahypasynda habar berilýär.

Programma kabul edilenler 2015-nji ýylyň awgust aýynyň 1-den dekabr aýynyň 31-ne çenli Birleşen Ştatlarda bolarlar we olara her aý 3 müň amerikan dollary möçberinde stipendiýa berler.

Güýzki möwsümiň temasy

Stipendiýaly bu programma arza tabşyrjak ýaşlardan bir tema boýunça derňew taslamasyny ýazmaklyk soralýar. Öňümizdäki güýzki möwsümiň temasy “Merkezi Aziýada sosial adalat” bolup, bu tema jaý edinmek, bilim, saglygy saklaýyş, sosial howpsuzlyk, işçileriň hukuklary ýaly meseleleri öz içine alýar diýlip, gürrüňi gidýän programmanyň websahypasynda bellenilýär.

Gürrüňi gidýän okuw programmasyna arza tabşyrjak türkmenistanlylaryň bu temalaryň biri boýunça derňew taslamasyny ýazyp, onda olaryň degişli mesele boýunça Merkezi Aziýanyň diňe bir ýa-da birnäçe ýurdundaky ýagdaýlara syn edip biljekdigi aýdylýar.

Bu programma kimler, nädip arza tabşyryp bilerler?

Bu programma 25-40 ýaş aralygyndaky türkmenistanlylar öz arzalaryny tabşyryp bilerler. Şeýle-de olar Türkmenistanda ýa-da Merkezi Aziýa ýurtlarynyň birinde hemişelik ýaşaýan bolmaly we olarda Türkmenistanyň pasporty bolmaly. Arza tabşyrjak türkmenistanlylaryň iňlis dilinde doly ýazyp we gürläp bilýän bolmalydygy programmada talap edilýän şertleriň biridir.

Arza tabşyrmak isleýän türkmenistanlylardan programmanyň websahypasynda talap edilýän ähli şertleri ýerine ýetirenden soň, öz dokumentlerini, CV-sini, goldaw hatyny, derňew taslamasyny 1-nji aprelden soňa goýman, görkezilen email adresine ugratmaklyk soralýar.

Programma kabul edilenler 5 aýlap Jorj Waşington uniwersitetinde dürli derňew seminarlaryna, konferensiýalara gatnaşarlar.

Belläp geçsek, “Central Asia fellowship”, ýagny “Merkezi Aziýa arkadaşlygy” programmasynyň häzirki dowam edýän möwsümine, ýagny gyşky möwsümine kabul edilen iki merkezi aziýalynyň biri türkmenistanlydyr.

XS
SM
MD
LG