Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kofe iç - puluny… goşgy bilen töle!


Kofe
Kofe

Şygyr – bu gezek halkara walýutasy görnüşinde ulanylýar!

Awstriýanyň "Julius Meinl" firmasynyň ýaýradan bildirişine görä, bu firma dünýäniň dürli ýurtlarynda ýerleşýän özlerine degişli 1000-den gowrak kofehanalarda kofe içmäge gelýän müşderilere içen kofesiniň bahasyny pul bilen däl-de, eýse öz düzen goşgusy bilen tölemäge mümkinçiligi berýär.

Ýöne diňe bir gün, ýagny 21-nji martda - Bütindünýä poeziýa gününde.

1862-nji ýylda döredilen firma bu başlangyjyň, çeper söze sarpa goýup, şahyrlarda ylham döretmeklik üçin edilendigini bildirýär.

2013-nji ýylda bolsa bu firma Buharestde tutuş bir metro otlusyny şygyr ýazylan kagyzlar bilen bezäpdir. Onsoň adamlara, öz halan şygryny metro wagonyndan goparyp, ýany bilen alyp gidibermek galypdyr, çünki muňa rugsat berlipdir.

Bu firma Awstriýanyň paýtagty Wenada bolsa şygyr bäsleşigini gurnapdyr.

Firmanyň kofehanalary, esasan, Ýewropada ýerleşýär.

Soňky kampaniýa barada habar ýaýradan Britaniýanyň metbugatynyň degişme bilen nygtamagyna görä, mugt kofe içmekçi bolýanlaryň düzen goşgusyna baha bermek kassiriň boýnuna düşýär.

Ýogsa-da, kassirler ol ýa-da beýleki goşgyny kofe içeniň hut özüniň düzendigini nädip bilerlerkä?..

Firma "Kofe iç - puluny şygyr bilen töle!" kampaniýasyny 2013-nji ýylda hem gurnapdyr. Onuň wideosyna şu ýerde tomaşa edip bilersiňiz:

XS
SM
MD
LG