Sepleriň elýeterliligi

Merkezi Gazagystana sil geldi


Gazagystanyň merkezindäki Karagandy regionynda garyň eremegi we güýçli ýagan ýagyşyň netijesinde agyr sil geldi.

Gazagystanyň Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça departamentiniň 26-njy martda beren maglumatyna görä, Karažal şäherçesindäki üç we bäş gatly ýaşaýyş jaýlaryndan onlarça ýaşaýjy ewakuasiýa edildi. Sil zerarly gürrüňi gidýän bu sebitde ençeme garaýollara, köçelere we binalara zeper ýetdi.

Şeýle-de, departamentiň maglumatynda ýurduň Atasu şäherçesindäki ýaşaýyş jaýlaryň we köçeleriň birnäçesine sil suwunyň aşagynda galmak howpunyň abanýandygy bellenilýär.

Halas ediş toparynyň agzalary regiondaky Burkutty, Karakol, Matak we Aubakirow obalaryndaky ýaşaýjylary we mal-garalary ewakuasiýa edýärler.

XS
SM
MD
LG