Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Oppozision rus deputaty derňelip bilner


Russiýanyň parlamentiniň aşaky öýi, geçen ýyl Krymyň anneksiýa edilmegine garşy ses beren ýeke täk agzasyna garşy jenaýat derňewlerini başladyp biler.

Rus häkimiýetleri ýurduň Döwlet Dumasyndaky örän seýrek oppozision kanunçykaryjylaryň biri Ilýa Ponomarýowyň Moskwanyň çetindäki Skolkowo proýekti üçin niýetlenen puly ogurlamakda şübhelenilýändigini aýdýarlar.

Dumanyň metbugat sözçüsi Ýuriý Şuwalow 26-njy martda žurnalistlere beren maglumatynda, palatanyň spikeri Sergeý Naryşyna ýurduň Baş prokuraturasyndan resmi dokumentiň gelip gowuşandygyny aýdyp, hatda jenaýat derňewleri sebäpli Ponomarýowyň eldegirmesizlik hukugynyň ýatyrylmagy soralýar diýdi.

Russiýanyň Döwlet Dumasynyň bu meselä 6-njy aprelde seretmegine garaşylýar.

Geçen ýyldan bäri Birleşen Ştatlarda ýaşaýan Ponomarýow özüne garşy ýöňkelýän aýyplamalary ret edýär we bu aýyplamalaryň syýasy maksatlydygyny aýdýar.

XS
SM
MD
LG