Sepleriň elýeterliligi

Tikrit şäherine howa hüjümleri edilýär


Yragyň resmileri ýurduň we Birleşen Ştatlaryň liderligindäki koalisiýanyň uruş uçarlarynyň Tikritdäki territoriýa hüjüm edendigini aýdýarlar. Bu territoriýa üç hepdeden gowrak wagt bäri “Yslam döwleti” atly toparyň söweşijileriniň kontrollygynda saklanylýar.

Hüjümler baradaky maglumatlar, koalisiýanyň uçarlary “Yslam döwleti” atly toparyň söweşijilerine garşy Yragyň demirgazygyndaky şäherde ilkinji howa zarbalaryny amala aşyryp başlandan bir gün soňa gabat geldi.

Yragyň Goranmak ministrliginiň metbugat sözçüsi Tahsin Ibrahim Sadikiň aýtmagyna görä, “Yragyň howa güýçleri koalisiýanyň howa güýçleri bilen birlikde ‘Yslam döwleti’ atly toparyň liderleriniň we toparlarynyň baş edaralaryny, ýagny prezident köşklerini nyşana alýan howa zarbalaryny amala aşyrdylar”.

Bu hüjümlere 20 müňden gowrak esger we birleşen şaýy ýarymharby toparlary gatnaşýarlar. Hüjümleriň netijesinde Tikrit şäherinde uly ýitgileriň bolandygy aýdylýar.

XS
SM
MD
LG