Sepleriň elýeterliligi

Ýemen: Pitneçilere zarba urulýar


Ýeman, Sanaa aeroporunyň ýanynda howa zarbasy urlan ýer. 26-njy mart, 2015 ý.

Ýeman, Sanaa aeroporunyň ýanynda howa zarbasy urlan ýer. 26-njy mart, 2015 ý.

Eýran regional bäsdeşi Saud Arabystanynyň Ýemendäki şaýy pitneçilerine garşy howa zarbasyny urmaga başlamagyny ýazgardy we munuň Arap ýarymadasyndaky döwleti has bulaşdyrjak «howply ädimdigini» aýtdy.

Eýranyň Daşary işler ministrligi 26-njy martda harby çäräniň ýagdaýy mundan aňryk hem çylşyrymlaşdyrjagyny we Ýemende parahatçylykly çözgüde gelmek mümkinçiliklerini ýoga çykarjagyny öňe sürdi.

Saud resmileri we media irden sünni ýolbaşçylygyndaky patyşalygyň we onuň ýaranlarynyň, Ýemeniň söweş ýagdaýyndaky prezidenti Abd-Rabbu Mansur Hadiniň kanuny hökümetini goramak we onuň arkasynda durmak üçin, hutilere garşy howa zarbalaryny urmaga başlandyklaryny aýtdy.

Habarlarda aýdylmagyna görä, uruş uçarlary halkara aeroporta ýanaşyk howa bazasyny we beýleki ýerleri bombalanda, paýtagt Sanaada güýçli partlamalaryň sesi eşidilipdir. Sanaanyň ýaşaýjylarynyň arasynda hem heläk bolanlaryň bardygy aýdylýar.

Saud mediasy patyşalygyň bu işe 100 sany söweş uçaryny, 150,000 esgeri we harby deňiz birikmelerini gönükdirendigini aýdýar.

«Roýters» habar gullugy ady aýdylmadyk, emma harby meselelerden habarly saud çeşmesine salgylanyp, onuň Ýemende düzgün-tertibi dikeltmek üçin, howa kampaniýasyna goşmaça, gury ýer goşunlarynyň hem zerur boljagyny aýdandygyny habar berýär.

Iordaniýa bilen Müsür saudlylaryň ýolbaşçylygyndaky koalisiýa goldaw berýändigini tassyk etdi. Bu koalisiýa Birleşen Arap Emirlikleri, Küweýt, Katar, Bahreýn, Morokka we Sudan hem girýär.

Patyşalyk bilen uzak wagt bäri gatnaşyk saklaýan Pakistan hem Saud Arabystanynyň bu kampaniýa goşulmak baradaky teklibine seredýändigini aýtdy.

Waşington zarba urmaga gatnaşmaýar

Ak tam 25-nji martda giçlik ýaýradan beýanatynda Waşingtonyň bu zarbalara göni gatnaşmaýandygyny aýtdy.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri Aýlak arap ýurtlarynyň daşary işler ministrleri bilen eden telefon gürrüňinde Ýemeniň huti pitneçilerine garşy harby çäre görülmegini öwdi.

Döwlet departamentiniň ady aýdylmadyk bir resmisiniň sözlerine görä, Kerri 26-njy martda ABŞ-nyň saudlylaryň ýolbaşçylygyndaky tagallalary, şol sanda huti nyşanalaryna garşy urulýan howa zarbalary babatda aňtaw maglumatlaryny alyp-bermekligi, anyk maksatly kömek edilmegini, geňeş we logistika ýardamynyň berilmegini goldaýandygyny aýdypdyr.

Hutileriň sözçüsi düýbi Katarda ýerleşýän Al-Jazira telewideniýesine saudlylaryň ýolbaşçylygyndaky operasiýanyň "uruş yglan etmek» bolandygyny aýtdy.

Eýran tarapyndan goldanylýan pitneçiler sentýabrdan bäri Sanaadaky hökümeti eýeläp, prezident Hadini günortadaky Aden şäherine gaçmaga mejbur etdiler we soňky aýlarda çalasyn üstünlik gazandylar.

Indi pitneçiler ýurduň demirgazygyndaky welaýatlaryň aglabasyna, günortadaky welaýatlaryň bolsa birnäçesine kontrolluk edýär.

Hutileriň gazanan üstünligi sünni agalygyndaky Saud Arabystanynda şaýy azlygyndan bolan pitneçiler sünni köplüginden durýan goňşusynda kontroly ele geçirer we Ýemeni şaýy agalygyndaky Eýranyň orbitasyna alyp gider diýen howatyrlary köpeltdi.

Eýran pitneçileri pul bilen üpjün edýändigini we olara tälim berýändigini ret edýär.

Iňlisçeden terjime eden Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG