Sepleriň elýeterliligi

Çoganly ýumrulýar


Çoganlynyň jaýlary ýumrulýar. 26-njy mart, 2015 ý.

Çoganlynyň jaýlary ýumrulýar. 26-njy mart, 2015 ý.

Aşgabadyň etegindäki Çoganlynyň daçalary ýumrulýar. Häzir bu daça uçastoklarynyň 13-nji kilometri diýip atlandyrylýan ýerinde birnäçe daçalar ýumrulýar. Olaryň käbirleri häkimiýetleriň elten tehnikasy bilen ýykylsa, beýlekileri ýaşaýjylaryň öz elleri bilen sökülýär.

Edil şonuň ýaly-da Çoganlynyň 12-nji kilometri diýlip atlandyrylýan böleginde hem käbir daçalar ýaşaýjylaryň özlerine sökdürilip aýrylýar. Bu işleriň gidişne polisiýa işgärleri hem gözegçilik edýärler. Käbir ýaşaýjylaryň aýtmaklaryna görä, düzgün-tertibe seretmeli polisiýa işgärleri, eger adamlar köpçülikleýin üýşüberse, olary ýygnaýarlar.

Häzirlikçe Çoganlynyň daçalarynyň diňe ady agzalan ýerlerindäki daçalar ýumrulýar. Emma Çoganlydaky daçalaryň ählisiniň ýumruljakdygyny ýerli ýaşaýjylaryň hem-de häkimiýet wekilleriniň käbirleri aýdýarlar. Çoganly daçalygynyň ýaşaýjysy, özüni Kasym diýip tanadan ildeşimiz düýn agşam ýygnak bolandygyny hem-de şol ýygnakda bu ýerden göçmäge 4-5 gün berlendigini aýdýar.

Jemgyýetiň ýapylmagy

Çoganlydaky häzirki ýagdaý bu ýerleriň ozalky eýesi bolan “Bagbanlar jemgyýeti” ýapylandan soň ýüze çykdy. 19-njy martda bu jemgyýet öz-özüni ýapyp, öz garamagyndaky daça ýerleri döwlet eýeçiligine geçirdi. Häzir bu ýerler paýtagtyň Bagtyýarlyk, öňki Nyýazow etrabynyň garamagynda.

Daçalaryň ýykylmagynyň sebäpleri barada takyk resmi maglumat almak başartmady. Emma tassyklap bolmadyk käbir maglumatlara görä, bu ýerde kottej tipli ýaşaýyş jaýlary gurulmaly. Şeýle-de daçalaryň ýerleşýän ýeriniň üstünden “Altyn asyr - gündogar bazaryna” ýol geçirilmelidigi aýdylýar. Häkimiýet wekilleri bu ýerde daçalary ýumrulan adamlara kompensasiýa tölenmejekdigini we elinden alnan daça ýerleriniň öwezine başga ýer berilmejekdigini aýdypdyrlar.

Jaýlar

Çoganlynyň daçalary diýip atandyrylýandygyna garamazdan, bu ýeri eýýäm uly posýologa öwrülipdi. Suw, gaz we elektrik togy bilen üpjünçilikde çäklendirmeleriň bardygyna garamazdan, bu ýerde ýüzlerçe ýaşaýyş jaýlary gurlup, olarda ýylyň bütin dowamynda müňlerçe adamlar ýaşap gelýärdi.

Bu ýeriniň ýaşaýjylarynyň diňe käbirleri ýerli ilatdan bolup, galan aglaba ýaşaýjysy welaýatlardan gelen ildeşlerimiz. Welaýatlardan gelenleriň köpüsi bu ýerde kireýine ýaşap, gurluşyklarda ýa-da beýleki bir iş bilen meşgul bolýarlar. Bu ýerde kireý puly paýtagt boýunça iň arzan diýlip hasalanýar. Aýda adam başyna 100 manat kireýe hem ýaşap bolýar.

Welaýatardan gelenleriň käbirleri bolsa daçanyň eýesiniň mal-garasyna ideg edip, daçany goraýarlar. Bu ýerde özlerine daça satyn alyp ýaşaýan welaýatlylar hem az däl.

Ýeri gelende aýtsak, 2013-nji ýylda Aşgabat-Daşoguz awtotrassasyndan bu daçalyga tarap barýan awtoulag köçeleriniň ählisi, çukur gazylyp, öňi beklenipdi.

Çoganlynyň daçalary diýilýän ýerde, käbir maglumatlara görä, 13 müňe golaý uçastoklar bolup, olaryň hersinde diýen ýaly hemişelik ýaşalýan ýaşaýyş jaýlary bar.

Degişli makalalar

XS
SM
MD
LG