Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“HRW” ÝB-ä çagyryş etdi


Gyrgyzystanyň prezidenti Almazbek Atambaýewiň Ýewropa Bileleşiginiň ýokary derejeli resmileri bilen geçiren ýygnagy döwründe öz ýurdundaky adam hukuklarynyň goranyşy barada beriljek soraglar bilen ýüzbe-ýüz bolmagyna garaşylýardy.

27-nji martda Atambaýew Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Žan-Klod Ýunker (Jean-Claude Juncker) we Ýewropa Geňeşiniň prezidenti Donald Tusk bilen duşuşdy.

Atambaýewiň Brýussele eden bu saparynyň öňýanynda, adam hukuklaryny gorap çykyş edýän “Human Rights Watch” guramasy Ýewropa Bileleşiginiň liderlerini, Gyrgyzystanda adam hukuklaryny goraýan aktiwist Azimjan Askarowyň tussaglykdan boşadylmagy üçin gazak prezidentine basyş etmäge çagyrdy.

Askarow Gyrgyzystanda 2010-njy ýylda bolan etniki çaknyşyklar bilen ilteşikli jenaýatlarda ömürlik türme tussaglygyna höküm edilipdi. Ol özüniň günäsizdigini nygtaýar.

XS
SM
MD
LG