Sepleriň elýeterliligi

Pakistan: Ýedi polisiýa ofiseri öldi


Pakistanyň resmileri “Talyban” hereketiniň aýry-aýrylykda eden iki hüjüminde ýedi polisiýa ofiseriniň öldürilendigini aýdýarlar.

27-nji martda ir bilen Karaçi şäherindäki bomba partlamasynda iki polisiýa ofiseriniň öldürilendigini we başga-da 14 sanysynyň ýaralanandygyny, ýerli resmiler habar berýärler. Olaryň aýtmagyna görä, motosiklli bombaçy polisiýa ofiserlerini tälim beriji akademiýa alyp barýan awtobusyň gapdalynda özüni partladypdyr.

Karaçi şäherindäki bu hüjüm, ýurduň günorta-günbataryndaky Balojistan welaýatynda polisiýanyň ulagyna ot açylmagy netijesinde bäş polisiýa işgäri ölenden we başga-da bir sanysy ýaralanandan birnäçe sagat soň boldy.

Balojistan welaýatynyň içeri işler boýunça departamenti bu hüjümiň 26-njy martda Loralaý etrabyndaky Ça Çailo sebitinde bolandygyny habar berdi.

XS
SM
MD
LG