Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Egindeş pilotyň öýi döküldi


Andreas Lýubitz
Andreas Lýubitz

Germaniýanyň polisiýasy ýaş egindeş pilotyň, görnüşinden ýolagçy uçaryny daglyga gönükdirip, özi bilen bile uçardaky 150 adamy bilkastdan öldürmekde güman edilýän adamyň öýlerini dökdi.

Fransuz prokurorlary uçaryň kabinasynda edilen gürrüňleriň ýazgysy 27 ýaşyndaky Andreas Lýubitziň 24-nji martda “Germanwings” uçarynyň kapitanyny kabinanyň içine goýbermän, uçary bile-göre Fransiýanyň Alp daglaryna baryp urmaga gönükdirendigini aňladýar diýýärler.

Fransuz we german resmileri ol ýerde Lýubitsiň terrorçydygyny görkezýän zadyň bolmandygyny aýtdylar, emma onuň hereketlerini düşündirer ýaly garşylykly teoriýalary teklip etmediler.

Pilotyň derdi

Germaniýanyň «Bild» gazeti 27-nji martda Lýubitsiň alty ýyl ozal, pilot hökmünde tälim alýan wagtynyň arasyny kesip, «çynlakaý depressiýa ýagdaýy» sebäpli ruhy bejeriş alandygyny habar berdi.

«Airbus» uçary Ispaniýanyň Barselona şäherinden Dýuselldorfa barýan wagty ýokary uçuş belentligine göterileninden kän wagt geçmänkä aşaklap başlady.

Özem şol wagt, uçaryň kapitanynyň kabina girmek üçin jan çekýän we ýolagçylaryň gygyryşyp başlan mahaly, pilotlaryň kabinasyndan hiç bir ses eşidilmedi. Uçar heläkçilige uçramazyndan öň sekiz minutlap aşak gaýtdy.

Prokurorlaryň 26-njy martda yglan eden maglumatlaryndan soň geçen birnäçe sagat wagtda howa ýollarynyň birnäçesi uçaryň pilotlarynyň kabinasynda hemişe iki adamyň bolmagyny hökmany düzgüne öwürdi.

Bu Birleşen Ştatlarda bireýýämden bäri hökmany şertdi, emma Ýewropada ozal beýle zat ýokdy.

Lýubitziň dogduk şäheri Montabauryň adamlary ony hoşgylaw bir ýaş ýigit hökmünde häsiýetlendirýärler.

Polisiýa onuň Montabaurdaky ene-atasynyň öýüne we Dýuselldorfdaky kwartirasyna baryp gördi.

Lýubitziň feýsbukdaky sahypasyndaky surat onuň San Fransiskonyň Altyn derweze köprüsinde ýylgyryp oturan wagtyny görkezýär, emma bu surat soň aýryldy.

«Bild» gazeti Lýubitsiň depressiýadan we dowla düşmekden ejir çekendigini, 2009-njy ýylda pilot bolmak üçin tälim alýan wagtynda çynlakaý depressiýa ýagdaýy sebäpli okuwyny togtadandygyny ýazýar.

German neşiri «Lufthansanyň» Aeromediki merkeziniň german häkimiýetlerine iberen içerki dokumentlerine salgylanýar.

Ol dokumentlerde Lýubitsiň tutuş bir ýarym ýyly ruhy bejergide geçirendigi aýdylýar.

«Lufthansanyň» baş ýerine ýetirijisi Carsten Spohr 26-njy martdaky metbugat ýygnagynda Lýubitsiň alty ýyl ozalky tälim wagtynda arakesme alandygyny aýtdy, emma munuň näme üçindigini we onuň uçmaga ýaramly tapylmagy üçin zerur bolan ähli synaglardan nädip geçendigini welin düşündirmedi.

«Lufthansanyň» sözçüsi 27-nji martda howa liniýasynyň pilotyň saglyk ýagdaýy barada kommentariýa bermejegini aýtdy.

Iňlisçeden terjime eden Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG