Sepleriň elýeterliligi

Ýazyjylar sögünç pozýandan närazy


Okaýan gyz

Okaýan gyz

“Clean Reader” – täze çykan bir app programmadyr. Adyndan hem belli bolşy ýaly, ol käbir elektron sözlemlerdäki sögünçleri "arassalaýar", has dogrysy olary "çagalar üçin mynasyp görnüşde" has salyhatly sinonimler bilen çalyşýar.

Elektron kitabyň awtorynyň rugsady bolsa-da, bolmasa-da...

Emma awtorlar bu ýagdaýdan hoşal däl. Esasanam kitaplary ýörgünli bolan ýazyjylar.

Täze app programmany amerikaly bir är-aýal taýýarlapdyr. Aýdahoda diýen ýerde ýaşaýan Jared we Kirsten Maughan maşgalasynyň aýtmagyna görä, olary şeýle täze app programma döretmäge öz gyzy bilen baglanşykly oňaýsyz bir ýagdaý iteripdir. Olar çaganyň kitap okan mahaly "biynjalyk" bolmagyny islemändirler.

App programmany döredenleriň aýtmagyna görä, bu bir senzura däl, sözler kitaplardan düýpgöter pozulmaýar. Islän adam kitaby edil asly ýaly görnüşde hem okap bilýär. Olaryň pikrine görä, täze app programma şeýle aýratynlygy bilen awtorlyk haklaryny hem bozan hasap edilip bilinmez.

Tanymal iňlis ýazyjysy Joanne Harris bolsa şeýle diýýär: "“Clean Reader” programmasynyň konsepsiýasy onuň pozulmagyny isleýän sözünden has äsgermezçilikli äheňindedir". Onuň pikrine görä, ýazyjylar her bir sözi sünnäläp, saýlap alýarlar. Okyýjylaryň haýsy sözi halap-halamazlygy senzura goýulmagyna esas döredip bilmez:

"Biz şeýle ýoldan owal geçipdik. Owal halamaýan sözlerini aýyrýardylar, soň heýkellere injiriň ýapragyny "ýelmeýärdiler", soňam ýehudy suratkeşlere "degenerat" diýip at dakýardylar. Ahyrynda bolsa kitaphanalary ýakyp, tutuş bir medeniýeti, ýagny siwilizasiýany taryhdan pozýarlar".

"Telegraph" gazetinden.

XS
SM
MD
LG