Sepleriň elýeterliligi

Bruce Lee 40 ýyldan soň "direldilýär"


Bruce Lee

Bruce Lee

1960-njy we 1970-nji ýyllaryň meşhur kino ýyldyzy, uzak gündogar goranyş sungatynyň ussady Bruce Lee (Brýus Li) kompýuter grafikasy bilen "direldilýär".

Ol, "Ip Man" atly köp bölümli kinofilmiň üçünji bölüminde öz roluny "özi" ýerine ýetirer.

Okyýjylar zalynyň "Hollywood Reporter" neşirine salgylanyp berýän habaryna görä, kinofilmi goýanlar Brýus Liniň rolyny mynasyp derejede ýerine ýetirip biljek aktýor tapyp bilmändikleri üçin täze tehnologiýanyň tilsimlerine ýüz tutmaga mejbur galypdyrlar.

Kinofilm 2016-njy ýylda halk köpçüligine ýetiriler.

Boks boýunça owalky dünýä çempiýony Mike Tyson hem şol kinofilmde rol alar. Ol kinofilmde köçe urşujysy rolyny ýerine ýetirer.

Kinofilmiň esasyny goýanlar Brýus Lini owal ikinji bölümde "direltmek" isläpdirler. Yöne şol mahal onuň hossarlarynyň razyçylygyny almagy başaryp bilmändirler.

"Ip Man" kinofilmi aslynda ýarymbiografiýa kinofilmidir. Onuň ilkinji bölümi 2008-nji ýylda surata düşürilipdir. Ip Man meşhur uzak gündogar goranyş sungatynyň beýik ussady bolupdyr. Brýus Li hem ondan sapak alypdyr.

Kinofilmiň ikinji bölümi iki ýyl arakesmeden soň halk köpçüligine ýetirilipdir we 50 million dollar girdeji getiripdir.

Sowet soýuzynda hem meşhurlyk gazanan Brýus Li umuman 30-a golaý kinofilmde rol alypdyr. Ol 1973-nji ýylda kinofilm surata düşürilýän mahaly tarpa-taýyn aradan çykypdyr.

XS
SM
MD
LG