Sepleriň elýeterliligi

Nemtsowyň 'gülleri' ikinji gezek zyňyldy


Gara eşik geýen ýaş adamlaryň topary 28-nji martda irden rus oppozision lideri Boris Nemtsowyň geçen aý öldürilen köprüsinde, onuň hormatyna goýlan gülleri we beýleki zatlary aýryp, ol ýeri arassaladylar.

27-nji fewralda atylyp öldürilen Nemtsowyň tarapdarlary bu ýere yzygiderli gelip, gül çemenlerini goýýarlar, şem ýakýarlar ýa-da Nemsowyň suratlaryny goýýarlar.

Sosial mediada ýerleşdirilen wideo ol adamlaryň Nemtsowyň hatyrasyna goýlan zatlary ir sagat 2-de haltalara salyp, alyp gidişlerini görkezýär.

Bu ýer eýäm şeýle usulda ikinji gezek arassalanýar.

XS
SM
MD
LG