Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Gyrgyzystanda ABŞ raýaty tutuldy


Birleşen Ştatlaryň raýaty Umar Faruk günorta Gyrgyzystanda tussag edildi we onuň gatnaşykda bolan jemgyýetçilik guramasynyň ofisine reýd geçirildi.

Gyrgyzystanyň Milli howpsuzlyk komitetiniň 27-nji martdaky prez-relizine görä, Faruk 25-nji martda, Oş şäheriniň polisiýasy adaty dökument barlagy boýunça saklandan soň tussag edildi.

Günorta Gyrgyzystanda dini ýagdaýlar barada material toplaýandygyny anyklap, kompýuterinde we ýazgyly enjamynda «dini ekstermistik we terrorçylyk häsiýetli» materiallary tapandan soň, polisiýa ony tussaghana ýerleşdirdi.

Aýdylmagyna görä, häkimiýetler onuň garşysyna jenaýat işini gozgapdyrlar.

XS
SM
MD
LG