Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Arap ligasy sammite başlady


Arap ligasynyň ýurtlary 28-nji martda, Müsüriň Şarm el-Şeýh kurort şäherinde, Müsüriň prezidenti Abdel Fattah al-Sisiniň, regional howpsuzlyk aladalaryna garşy durmak üçin bilelikdäki arap harby güýçlerini döretmek çagyryşy bilen, sammite başlady.

Arap liderleri Ýemendäki krizisi ara alyp maslahatlaşmak we ol ýerdäki baş-başdaklyga çözgüt tapmak üçin duşuşýarlar.

Ýemende geçen ýyldan, Eýranyň goldamagyndaky şaýy Huti milisiýa toparlary paýtagt Sanaany ele geçirip, prezident Abd-Rabbu Mansour Hadini iş başyndan gyrakladaly bäri zorlukly wakalar möwç alýar.

Şu hepdäniň başynda koalisiýadaky arap ýurtlary, Saud Arabystanynyň başlyklygynda, Ýemendäki Huti pozisiýalaryna garşy howa zarbalaryny urmaga başladylar. Ýemeniň prezidenti Hadi hem sammite gatnaşýar.

XS
SM
MD
LG