Sepleriň elýeterliligi

Merkel, Obama Eýrana çagyryş edýär


ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama we german kansleri Angela Merkel Eýrany özüniň ýadro programmasy babatda ylalaşyga gelinmegi üçin zerur bolan kararlary kabul etmäge çagyrdy.

Iki lider 27-nji martda, Şweýsariýada alty döwlet bilen Eýranyň arasynda barýan gepleşikler barada telefonda gürleşdi.

Olar martyň aýagynda çarçuwalaýyn ylalaşyga gelmeli. ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri we Eýranyň daşary işler ministri Mohammad Javad Zarif eýýäm gepleşik geçýän Lausanne şäherinde.

Zarif 27-nji martda iki tarapyň ylalaşyk baglaşmaga golaý däldigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG