Sepleriň elýeterliligi

Ýemen söweşinde kimiň näme bähbidi bar?


Howa zarbasyndan soň, Sanaa, Ýemen, 26-njy mart, 2015 ý.

Howa zarbasyndan soň, Sanaa, Ýemen, 26-njy mart, 2015 ý.

Saud Arabystanynyň Ýemende Eýran tarapyndan goldanylýan jeňçilere garşy harby interwensiýasy regionda bireýýämden bäri dowam edýän we Ýakyn Gündogaryň çäginden çykan köpugurly konfliktleri beterleşdirmese ýagşy diýen gorkyny ýokarlandyrdy.

Eýsem bu söweşde kimiň näme gazanjak ýa-da ýitirjek zatlary bar?

Ýemen regionyň Eýran we Saud Arabystany ýaly agyr agramdaky pälwanlarynyň arasyndaky proksi urşuň merkezinde ýerleşýär. Bu uruş has giň sünni-şaýy konflikti babatdaky gorky-howatyrlaryň gözbaşy bolup durýar. Şeýle-de bu ýurtdaky ýagdaý öz serhetlerinden has daşa-da täsir ýetirýär.

Eýsem bu söweşde kimleriň nähili paýy bar? Bu söweşde bähbit araýan taraplara nazar aýlalyň.

Oýun meýdany

Ýemen konfliktiniň iki hekaýasy bar:

* iki lider -- ozalky prezident Ali Abdullah Saleh (şaýy) Arap ýazy gozgalaňynyň arasynda öz orunbasary, häzirki prezident Abdu Rabbu Mansour Hadi (sünni) tarapyndan çalşyryldy.

* iki region – Demirgazyk Ýemen we Günorta Ýemen, 1990-njy ýylda, Saleh prezident mahalynda birikdirildi..

* iki paýtagt – demirgazykda – Sanaa, günortada - Aden.

* yslamyň iki şahasy -- Ýemeniň ilatynyň 99 prosentden gowragy musulman, olaryň 65 prosenti Şafi mekdebine eýerýän sünniler, 35 prosenti bolsa Zaýdi mekdebine eýerýän şaýylar.

* iki güýçli ekstremist topar -- Hutiler (Houthis) şaýy pitneçileri bolup, ilki demirgazyk Ýemeni kontrol astyna alyp, prezident Hadini gaçmaga mejbur etdiler, soň ýurda edýän kontrollyklarynyň ýaýrawyny has giňeltdiler we indi prezidentiň gaçyp atan Aden şäherine tarap süýşýärler.

Bu topar 27-nji martda Hadiniň kellesine baýrak goýdy we özüniň umuman kontrollykda saklaýan Ýemen Howa güýçlerini (Salehiň kömegi bilen) Adene zarba urmakda ulanyp, Hadini gizlenmäge mejbur etdi. Arap ýarymadasyndaky sünni jeňçi topary «Al-Kaýda» «Al-Kaýdanyň» iň aktiw şahamçasy bolup, demirgazyk-merkezi Ýemeniň köp bölegine kontrollyk edýär we ýemen hökümetine, Saud Arabystanyna, Hutilere, günorta separatistlere we ahyr netijede Birleşen Ştatlara garşy durýar.

* iki regional goldawçy – Eýran Hutileri goldaýar, maddy we harby taýdan; Saud Arabystany Hadiniň ýolbaşçylyk eden ýemen hökümetini goldaýar we 25-nji martda 10 arap döwletiniň gatnaşmagynda Huti pitneçilerine garşy howa zarbasynyň urulmagyna ýolbaşçylyk etdi hem-de Tähranyň bu interwensiýany ýazgarmagyna sebäp boldy.

Sünni raýdaşlygy

Saudlylaryň ýolbaşçylygyndaky howa zarbalaryna goşulan ýurtlar sünni bolup, Aýlak apar ýurtlarynyň merkezindäki sünni raýdaşlygyny nygtaýar we, beýlekiler bilen bilelikde, Müsür, Sudan, Pakistan we Türkiýe ýaly ýurtlary hem öz içine alýar.

Arap ligasynyň hepde ahyrynda Müsüriň Şarm-el Şeýh diýen ýerinde geçirýän sammitinde Ýemen esasy mesele bolup durýar we oňa Hadi hem gatnaşýar.
Sammite gatnaşýanlaryň häzirki Ýemen interwensiýasyndaky rolundan başga, daşary işler ministrleriniň bu gezekki ýygnanyşygynda bilelikdäki Arap harby güýçlerini döretmäge hem golaý süýşülip biler.

Bu ideýa Müsür we Aýlak döwletleri tarapyndan, terrorizme garşy söweşmek hem-de Eýranyň täsiriniň öňüni almak çäresi hökmünde öňe sürüldi.

Saud Arabystany «Aýgytlylyk tupany» diýlip at berlen Ýemen interwensiýasyna 100 uçar ýollady, mundan başga oňa Müsüriň, Morokkanyň, Iordaniýanyň, Sudanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Kuweýtiň, Kataryň we Bahreýniň uçarlary ýardam edýär.

Şeýle-de Saud Arabystany bu kampaniýa 150 müň esger berýär, Müsür, Iordaniýa, Pakistan hem özleriniň gury ýer hüjümine gatnaşmaga taýýardyklaryny bildirdi.

Adatça Tähran bilen gowy gatnaşyk saklaýan Sudan hem gury ýer goşunlaryny ibermäge taýýardygyny aýtdy.

Nebit bahalary

Saud Arabystanynyň ýolbaşçylygynda Ýemene zarba urlandygy baradaky habarlar mahalynda global nebit bahalary derrew ýokary galdy.

Çig nebitiň standart Brent bahalary 26-njy martda 6 prosente golaý ýokarlandy (barreli $60 –a golaý ), bu ýagdaý harby interwensiýa has giň regoinal konflikte ýazyp, nebit üpjünçiligi bölüner diýen gorkulary biraz ýeňletdi. 27-nji martda, Goldman Sachs Ýemen kampaniýasy global nebit üpjünçiligine az täsir ýetirer diýenden soň, bir barrel nebitiň bahasy $1-den köpräk arzanlady ($57.76).

Ýakyn Gündogarda esasy nebit öndüriji bolan Saud Arabystany 2014-nji ýylda nebitiň bahalarynyň global arzanlamagynda esasy figura boldy. «Roýteriň» maglumatyna görä, 2013-nji ýylda Saud Arabystanynyň býujetiniň 90 prosent çemesi nebitden gelipdir, emma Riýad özüniň bahalary gymmatlatmak üçin öndürijiligi kemeldenligini bada-bat ret etdi.

Eýran nebitiň bahasynyň arzanlamagyny saudlylar bilen Birleşen Ştatlaryň Tährana garşy dildüwşügi hökmünde häsiýetlendirdi. Bu ýurduň nebitden gelýän girdejileri onuň dawaly ýadro programmasy zerarly girizilen sanksiýalar esasynda kemelen bolsa, esasan nebitden gelýän girdejilere daýanýan Orsýet özüniň gündogar Ukrainadaky gatyşmalary zerarly Günbatar bilen dörän oňuşmazlyklardan zyýan çekdi.

Orsýet

Nebitiň bahasynyň islendik ýokarlanmasyndan peýda tapjak Orsýet, saudlylaryň ýolbaşçylygyndaky howa zarbalary başlaly bäri, telefonda işläp, parahatçylyk araýjynyň roluny oýnaýar.

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin 27-nji martda, Kremliň metbugat gullugynyň maglumatyna görä, Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu bilen gepleşip, «Ýemende dartgynlylygyň ýokarlanmagyndan alada bildirdi».

Şeýle-de ol «bu ýurtdaky ýagdaýlary uzagyndan we parahatçylykly düzetmek baradaky halkara tagallalaryny güýçlendirmegiň» möhümdigini nygtady.

Putin 26-njy martda Eýranyň prezidenti Hassan Rohani bilen eden telefon gürrüňinde Ýemendäki «duşmançylyklary haýal etmän bes etmäge» çagyrdy, eýran mediasy muny Saud Arabystanynyň interwensiýasyny togtatmaga çagyryş hökmünde okady, şeýle-de Putin Eýranyň alty dünýä döwleti bilen alyp barýan ýadro gepleşiklerindäki üstünliklerini gutlady.

Bu gepleşikler 31-nji martda bellenen soňky möhletde, çarçuwalaýyn ylalaşyga gelinmegini maksat edinýär.

Eýran

Tähran Şweýsariýada ýadro ylalaşygyny baglaşmaga çalyşýar we bu oňa ykdysady sanksiýalardan boşap, parahatçylykly ýadro programmasyny dowam etdirmäge rugsat bermeli. Emma bu ylalaşygyň baglaşylmak ähtimallygy Ysraýyl, Saud Arabystany ýaly regional oýunçylar tarapyndan tankyt edilýär.

Netanýahu bu gepleşikleri açyk tankyt edýär, ol Eýranyň ýadro ýaragyny edinmezligi üçin ýeterlik iş edilmeýändigini öňe sürýär we Tähranyň sebitdäki täsiriniň ýokarlanmagyndan alada bildirýär.

Riýad hem Eýranyň bu sebitde ýadro baýlaşdyrmagyndan öz aladasyny bildirdi we eger Tährana uran baýlaşdyrmaga rugsat edilse, bu ýagdaýyň Saud Arabystanyny hem şeýle çäre gözlemäge iteklejegini aýdyp, ýadro ýaraglaryny edinmek ugrundaky bäsleşigiň artmak howatyryny döretdi.

Türkiýe

Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan aprelde Eýrana sapar etmeli, emma ol Tähranyň Ýemendäki roluny tankyt edýär.

"Eýran we terrorçy toparlar çykarylmaly» diýip, ol 24-nji martda, «France 24»-e beren interwýusynda Huti jeňçilerini nazara alyp aýtdy.

"Biz Saud Arabystanynyň interwensiýasyny goldaýarys» diýip, Erdogan Türkiýäniň ýagdaý gowulaşan halatynda logistiki goldaw bermegiň pikirini etjegini sözüne goşdy.

Eýranyň daşary işler ministri Zarif 27-nji martda Erdoganyň sözlerine beren jogabynda onuň Eýrany Ýakyn Gündogarda agalyk etmek synanyşygynda aýyplaýandygyny aýtdy.

"Eýran Yslam Respublikasy regionda öz doganlary bilen hyzmatdaşlyk etmäge hem-de Ýemendäki dürli toparlaryň arasynda dialogyň ýola goýulmagy, bu ýurtda agzybirligiň, durnuklylygyň we howpsuzlygyň dikeldilmegi üçin ýardam bermäge taýýar” diýip, Fars habar gullugy Zarifiň sözlerini sitirledi.

Yrak

Yrak bu ýerde ýeser deňagramlylyk hereketlerini etmeli bolýar. Ol bir tarapdan Eýranyň goldawyndaky milisiýanyň kömegi bilen sünni «Yslam döwleti» toparynyň garşysyna gury ýer söweşlerini alyp barýar, ikinji tarapdan bolsa asmandan ABŞ-nyň goldawynda YD-a zarba urulmagyny gazanýar.

Birleşen Ştatlar şu hepde Bagdadyň sünni mesgeni Tikrit şäherini gaýtadan ele geçirmek tagallalaryna goldaw bermek üçin howa zarbasyny urmaga razylyk berdi. Kuds güýçleriniň komandiri Kassem Soleýmani we oňa ygrarly eýran milisiýasy sahnany terk etdem welin ABŞ ýolbaşçylygyndaky howa zarbalary uruldy.

Birleşen Ştatlar

Bir zaman Waşington rowaçlygynyň söwer perzendi bolan Ýemen indi Birleşen Ştatlaryň Ýakyn Gündogarda çözmeli bolýan çylşyrymly problemalaryna goşulýar.

Bir tarapdan, Birleşen Ştatlar Yrakda YD-a garşy söweşýän Eýran bilen bir tarapda durjaga meňzemeýär. Emma Siriýada, YD-ny nyşana alýan ýerinde, Waşington Eýran we Orsýet goldanylýan Başar al-Assad režimine garşy söweşýän käbir toparlary ýaraglandyrýar.

Indi bolsa Birleşen Ştatlar uzak wagtlyk ýarany Saud Arabystanyny Ýemende Eýran tarapyndan goldanylýan jeňçilere garşy göreşde goldamaly bolýar (entek harby taýdan däl, emma logistika we aňtaw maglumatlary babatda).

Bularyň hemmesi Waşingtonyň Eýran bilen ýadro ylalaşygyny möhürlemäge synanýan wagtynda bolup geçýär.

Iňlisçeden terjime eden Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG