Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranly kinorežisser Tähranda tutuldy


Ozalky kinossenariçi we Eýranyň döwlet telewideniýesiniň prodýuseri soňky iki aý bäri Tährandaky türmede saklanýar diýen habar ýaýrady.

2010-njy ýylda Kanada göçen Mostafa Azizi Tährana garyndaşlaryny görmäge gelende tussag edilip, fewralda Ewin türmesine ýerleşdirilipdir.

Aýdylmagyna görä, Azizi Eýranyň ýokary ruhany liderini masgaralamakda we yslam döwletine garşy propaganda ýaýratmakda aýyplanypdyr.

Aziziniň ogly, žurnalist Araş Azizi öz feýsbuk sahypasynda kakasynyň fiziki we ruhy ahwalynyň gowudygyny, onuň türmede gynalmandygyny aýtdy.

Eýran häkimiýetleri Aziziniň tutulmagy barada jemgyýetçilige hiç hat aýtmady.

XS
SM
MD
LG