Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyz aklawçylary protest bildirýär


Gyrgyzystanyň «Bir dünýä» hökümetden aýry guramasynyň iki aklawçysy, guramanyň Oşdaky ofisine reýd geçirileninden soň, ýurduň baş prokuroryna protest şikaýatyny ýazdy.

Walerian Wahitow we Husanbaý Saliýew Baş prokuratura ýurduň Milli howpsuzlyk komitetiniň üstünden arz etdi, ýagny MHK-ny hukuk guramasynyň Oşdaky ofisine bikanun reýd geçirmekde aýyplady.

MHK agentleri reýd mahalynda guramanyň kompýuterlerini, disklerini we beýleki ýazgyly enjamlaryny konfiskasiýa etdiler.

«Bir dünýä» guramasynyň işgärleri MHK-nyň agentleriniň guramanyň ofisini dökmekleriniň we emläk konfiskasiýasynyň sebäbini hiç hili düşündirmändiklerini aýdýarlar.

Wahitow bilen Saliýewiň hem öýleri döküldi. Olar bu öý döküşligiň amerikan raýaty Umar Farugyň tutulmagy bilen baglydygyny aýdýarlar.

Faruk günorta Gyrgyzystanda 2010-njy ýylda bolan gozgalaň we yslamçy toparlaryň roly barada interwýu alýan wagty tussag edildi.

XS
SM
MD
LG