Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owgan ofiserine 20 ýyl berildi


Owganystanyň Ýokary sudy «Associated Press» habar gullugynyň suratçysy Anja Niýedringhausy öldürmekde we AP-niň habarçysy Kathy Gannony ýaralamakda günäli tapylan polisiýa ofiserine 20 ýyl türme tussaglygyny berdi.

Owgan polisiýa bölüminiň ozalky komandiri Nakibulla garşy çykarylan höküm 28-nji martda Owganystanyň baş prokuroryna iberilen dokumentlerden belli boldy.

Soňky türme möhleti 2014-nji ýylda bolan sud mahalyndaky ölüm höküminiň ýatyrylandygyny görkezýär. Owganystanda iň uzak türme möhleti 20 ýyl bolup durýar.

Diňe Nakibulla adyny ulanýan ofiser 2014-nji ýylyň 4-nji aprelinde Niýedringhausy we Gannony, duýduryş bermezden, oka tutdy.

Olar Host şäheriniň golaýynda prezident saýlawlarynyň birinji tapgyry barada material taýýarlaýardy. Niýedringhaus şobada öldi, alty ok degen Gannon häzir dogduk Kanadasynda ýaralaryny bejerdýär.

XS
SM
MD
LG