Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistanda prezident saýlanýar


Özbegistanyň Merkezi saýlaw komissiýasy ýurduň prezident saýlawlarynyň kanun esasynda geçýändigini aýdýar.

MSK hasaba alnan saýlawçylaryň 85 prosent çemesiniň ýerli wagt bilen sagat 17.00-a çenli ses berendigini aýtdy.

Saýlawçylar iş başyndaky prezident Yslam Kerimowyň dördünji möhlete hem wezipesinde galjagyna ynamly görünýär. Ol iki onýyllykdan gowrak häkimiýetde bolan wagtynda oppozisiýa wekilleriniň tas ählisini ýok etdi.

Tankytçylar bu saýlawyň aldawçylykdygyny we Kerimowyň öz saýlan garşydaşlarynyň hakykatda onuň saýlanmagy üçin tagalla edýändiklerini aýdýarlar. 21 milliona golaý adamyň ses bermek mümkinçiligi bar.

ÝHHG-nyň Demokratiki institutlar we adam hukuklary guramalary ýaly Günbatar guramalary Özbegistanyň mundan öňki geçiren parlament we prezident saýlawlarynyň hiç birini azat ýa adalatly atlandyrmady.

XS
SM
MD
LG