Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Saudlylar şaýy pitneçilerini bombalaýar


Saud Arabystanynyň ýolbaşçylygyndaky 10 sünni arap ýurdundan ybarat koalisiýa 29-njy martda hem Ýemendäki şaýy pitneçilerine garşy howa zarbalaryny dowam etdirdi, olar Eýran tarapyndan goldanylýandyr öýdülýär.

Bu hüjümler Ýemeniň prezidenti Abd-Rabbu Mansour Hadi Tährany ýurdy durnuksyzlaşdyrmakda aýyplandan birnäçe sagat soň edildi. Ol Huti jeňçilerini «Eýranyň oýnatgylary» diýip atlandyrdy.

Hadi bu sözleri Arap ligasynyň 28-nji martda, Müsürde açylan sammitinde aýtdy. Ol hutileriň Aden şäherine tarap ilerlemesi sebäpli, öz gizlenen ýerinden gaçmaly boldy.

Hadi saudlylaryň ýolbaşçylygyndaky howa zarbalarynyň pitneçiler tabyn bolýança dowam etdirilmegini talap etdi.

Eýran we huti pitneçileri bu ýerde Eýranyň rolunyň bardygyny ret edýärler.

Müsüriň prezidenti Sisi sammitde arap liderleriniň birleşdirilen Arap harby güýçlerini döretmek barada prinsipde ylalaşyga gelnendigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG