Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Ari Roland” topary Türkmenistanda


ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy Türkmenistanyň medeniýet ministrligi bilen bilelikde Ari Roland jaz saz toparynyň Türkmenistanda birnäçe köpçulik üçin açyk konsertlerini gurnaýar. Bu barada ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň websahypasynda habar berilýär.

Nýu-Ýork şäherinde işleýän we ýaşaýan dört sany jaz sazandalaryndan ybarat Ari Roland jaz saz topary aprel aýynda bütin dünýäde “Jaz taryhy aýynyň” bellenmeginiň bir bölegi hökmünde Türkmenistana janly sazy getirýär, diýlip ilçihananyň maglumatynda bellenilýär.

Şeýle-de, maglumatda Ari Roland jaz saz toparynyň 31-nji mart bilen 6-njy aprel aralygynda Balkanabat, Türkmenbaşy, Aşgabat we Daşoguz şäherlerinde çykyş etjekdigi we bu konsertler üçin girişiň mugt we hemmeler üçin açykdygy aýdylýar.

XS
SM
MD
LG