Sepleriň elýeterliligi

Mogerini Kiýewe saparyny soňa goýdy


Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat boýunça başlygy Federika Mogerini Ukraina 30-njy martda amala aşyrmagy planlaşdyran saparyny soňa goýdy. Mundan öň Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Žan-Klod Ýunker (Jean-Claude Juncker) hem Ukraina 30-njy martda etjek saparyny goýbolsun edipdi.

Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenkonyň edarasynyň 28-nji martda beren maglumatyna görä, Ýunker ukrain prezidentine öz saparyny saglyk ýagdaýlary sebäpli soňa goýýandygyny aýdypdyr.

Ýunkeriň metbugat sözçüsi Margaritis Şinas (Margaritis Schinas) Twitter sosial ulgamyndaky sahypasynda beren maglumatynda, Ýunkeriň “böwregindäki saglyk näsazlyklar sebäpli” Ukraina etjek saparynyň soňa goýlandygyny mälim etdi.

Ýewropa Bileleşiginiň resmisi özüniň 30-njy martda beren maglumatynda Mogerininiň hem Kiýewe sapar etmeýändigini belledi.

Ýunkeriň we Mogerininiň Ukrainanyň Günbatar tarapdary hökümetine öz goldawlaryny beýan etmegine garaşylýardy.

XS
SM
MD
LG