Sepleriň elýeterliligi

Bişkek: ABŞ-nyň raýaty deport edildi


Gyrgyz häkimiýetleri tarapyndan geçen hepde tussag edilen Birleşen Ştatlaryň raýaty Umar Faruk Gyrgyzystandan deport edildi.

Faruk Oş şäheriniň dini ekstremizmde aýyplanan ýaşaýjylary barada maglumat ýygnamak üçin “Bir Dunýo” (Bir dünýä) atly adam hukuklaryny goraýan ýerli topar bilen duşuşandan soň, 25-nji martda Gyrgyzystanyň howpsuzlyk resmileri tarapyndan tussag edildi.

Geçen hepde “Bir Dunýo” atly toparyň edaralary dökülip, Faruk Gyrgyzystanda talabalaýyk akkreditasiýasy bolmazdan, žurnalistiki işleri alyp barmakda aýyplandy.

28-nji martda Oşyň sudy Farugyň ýurtdan deport edilmelidigi barada karar çykardy. Faruk 29-njy martda Twitter sosial ulgamynda ýazan maglumatynda özüniň ýurdy terk edendigini mälim etdi.

XS
SM
MD
LG