Sepleriň elýeterliligi

"Serhetdäki garaýol söweşijilerden arassalandy"


Owgan howpsuzlyk gullugynyň işgärleri "Talyban" söweşisi diýlip güman edilýänleri habarçylara görkezýärler.

Owgan howpsuzlyk gullugynyň işgärleri "Talyban" söweşisi diýlip güman edilýänleri habarçylara görkezýärler.

Owgan armiýasynyň Şahyn atly harby dewiziýasynyň Farýap welaýatyndaky wekili Muhamad Riza Rizaýi Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda, Farýap welaýatynyň Gaýsar etraby bilen Gormaç etrabynyň aralygyndaky umumy ýoldan “Talyban” söweşijileriniň arassalanandygyny aýtdy.

Owganystanyň Türkmenistan bilen serhediniň golaýynda ýerleşýän Gormaç we Gaýsar etrabynyň aralygyndaky garaýolda söweşijiler öz harby postlaryny dikipdi.

Ýerli owgan resmileri türkmen-owgan serhediniň golaýynda “Yslam döwleti” atly toparyň agzalarynyň we merkezi aziýaly jyhadçylaryň ýerleşendigini tassyklýarlar.

XS
SM
MD
LG