Sepleriň elýeterliligi

Prezident Karimow gaýtadan saýlandy


Prezident Yslam Karimowy saýlamaga ündeýän plakat, Daşkent

Prezident Yslam Karimowy saýlamaga ündeýän plakat, Daşkent

Özbegistanyň Merkezi saýlaw komissiýasy ýurduň häzirki prezidenti Yslam Karimowyň prezident saýlawlarynda doly ýeňiş gazanandygyny yglan etdi. Saýlawlar halkara synçylary tarapyndan tankyt edildi, ýurduň daşyndaky özbek oppozisiýasy saýlawlary ýazgardy.

Özbegistanda 29-njy martda geçirilen prezidentlik saýlawlarynda ýurduň häzirki ýolbaşçysy Karimowyň sesleriň 90%-den gowragyny alandygy aýdylýar.

Merkezi saýlaw komissiýasynyň başlygy Mirzoulughbek Abdusalomow “17.2 million adam, ýagny ses berijileriň 90.39%-i öz seslerini Yslam Karimowa berdiler” diýdi.

25 ýyldan bäri ýurdy dolandyrýan we bu wagtyň dowamynda oppozision toparlaryň ählisini diýen ýaly ýok eden 77 ýaşly Karimowyň indiki bäş ýyllyk prezidentlik möhletine eýe boljagyna öňünden garaşylypdy.

ÝHHG aladalanma bildirdi

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň saýlawlar boýunça synçylary Özbegistanda prezidentlik saýlawlarynyň häzirki prezident Yslam Karimowa hakyky bäsdeşleriň bolmazlygynda, şeýle-de kanun hem guramaçylyk taýdan kemçilikli ýagdaýda geçirilendigini aýtdylar.

ÝHHG-niň Demokratik institutlar we adam hukuklary boýunça edarasynyň Özbegistandaky saýlawlara degişli ilkinji netijeleri Yslam Karimowyň Merkezi Aziýanyň postsowet ýurdunyň ýolbaşçysy bolup galmagyna mümkinçilik berjegi öňünden çak edilen we 29-njy martda geçirilen saýlawlaryň ertesi çap edildi.

ÝHHG-niň çäkli synçylar missiýasynyň başlygy Tana de Zulueta Karimowyň şahsyýetiniň ýurduň syýasy giňişliginde agdyklyk edendigini belledi.

Özbegistanyň “berk çäklendirilen mediasy häzirki prezidente uly ýeňillik döretdi”, şol bir wagtda-da kanunlar, hamala, ähli dalaşgärlere media serişdeleriniň deň elýeterligini kepillendirýär diýip, Zulueta beýannamada aýtdy.

Şeýle-de ol Merkezi saýlaw komissiýasynyň Karimowy dalaşgär hökmünde hasaba almagynyň “konstitusiýada prezidentligiň iki möhlet bilen anyk çäklendirilmegine” ters gelýändigini belledi.

Demokratik institutlary we adam hukuklary boýunça edarasynyň bildiren aladalanmalarynyň ýene biri garaşsyz dalaşgär bolmagyň öňüne böwet salynmagyndan ybarat.

“Ses berişlik sanawlarynyň düzülmegi tutuş ýurt boýunça tapawutlanýar we bu düzüliş usulynyň nätakyklygy sanawlara şübhe döredýär” diýip, beýannamada aýdylýar.

GDA we ŞHG pozitiw baha berdi

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň saýlawlara gözegçilik missiýasynyň synçylary, öňki sowet ýurtlarynyň beýlekilerinde bolşy ýaly, Özbegistandaky saýlawlara hem has pozitiw baha berdiler.

GDA-nyň saýlaw gözegçiligi missiýasynyň ýolbaşçysy Sergeý Lebedew 29-njy martda geçirilen metbugat konferensiýasynda saýlawlaryň “aýdyň, açyk we demokratik” bolandygyny aýtdy.

Şeýle-de Lebedew GDA-nyň gözegçileriniň saýlawlaryň gowy guramaçylyk astynda hem netijeli geçirilendigi barada bütewi pikire gelendiklerini mälim etdi.

Özbegistandaky saýlawlara Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň gözegçileri hem syn etdiler. Missiýanyň ýolbaşçysy ses berişligiň açyk-aýdyň we Özbegistanyň kanunlaryna laýyklykda geçirilendigini belledi.

Dördünji prezidentlik möhletine başlaýan 77 ýaşly Karimowyň ornuna geçip biljek anyk şahsyýet göze ilmeýär, bu bolsa, onuň diňe ölen halatynda ýa-da wezipesini ýerine ýetirmäge ukypsyz bolan ýagdaýynda wezipeden çekiljegini aňladýar.

Bu mesele Merkezi Aziýanyň iň köp ilaty ýurdunyň gelejegi barada aladalanmalary güýçlendirdi we Karimowdan soň häkimiýet başyna geçmek ugrundaky gizlin göreşiň eýýäm başlanandygy barada çaklamalary döretdi.

XS
SM
MD
LG