Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bir gezek: Tentekler gününiň (1-nji aprel) henekleri


Kalendarda 1-nji aprel gününi görkezýän surat.
Kalendarda 1-nji aprel gününi görkezýän surat.

Her kim özünden hasap tutýar

Erbet dymaryn

Bir ýeňles şahyr Tentekler güni bir gyz bilen tanyşaýar. Özüniň sahyrdygyny aşgär etmek üçin “Bu gün Tentekler güni, ähli degişmäňe çydaryn. Diňe goşgyma dil ýetirme, “Goşgylaryň erbet” diýseň, erbet gaharym geler” diýýär. Gyz “Goşgyň oňat, ýöne özüň kelpeň diýsem, nädersiň?” diýýär. Ýigit:

-Erbet dymaryn -diýipdir.

Terjime

Iki köne tanyş 1-nji aprelde köçede sataşýar. Biri “Birinji aprel bize ruslardan geçdi. Olar bu güne “Den durakow” diýýär. Biz ony “Wäşiler güni” diýip, türkmençä terjime edýäris. Bu ýalňyş. Bolmalysy “Tentekler güni” ýa-da “Kem akyllar güni” diýýär. Ikinji adam:

-Bu gün şadyýanlyk, degişme güni. Gel, terjime üstünde dawalaşyp, göwne degişmäli. Her kim özünden hasap tutup, terjime edýär -diýipdir.

Dürs hasap

Iki goja 1-nji aprel güni tötänlikde sataşýar. Biri “Sataşanyň oňat boldy. Pylany aradan çykypdyr. Şonuň aýadyna barýan, bileje gideli. Aý, tüweleme, bende uzak ýaşady, bir ýüz on dokuz yaşynyň içindedi. Hakyky gojalyga ýetipdi” diýýär. Beýleki goja:

-Bu gün birinji aprel, meni aldajak bolýaň. Hakyky gojalyga bir ýüz ýigrimi ýaşda ýetilýär-ä. “Ol bende gojalyga ýetmän, biwagt aradan çykdy” diýen bolsaň sözüňe ynanardym. Ýaşyň bir çene barypdyr, bezzatlygyň welin galmandyr, peläket -diyip, oňa hasasy bilen haýbat atypdyr.

Köçe gürrüňlerini köçeden ýygnap, stol başynda ýylman Amanmyrat BUGAÝEW.

XS
SM
MD
LG